Sport — kalbyň ruhy gözelligi

23 Oktýabr 2024
361

Gahryman Arkadagymyz: «Sport bilen yzygiderli meşgullanmak kesellerden goraýar. Munuň özi öňde goýlan maksatlara ýetmekde ruhubelentlikdir we güýç-kuwwatdyr» diýip belleýär. Elbetde, sport bilen yzygiderli meşgullanmak şahsyýetde tertip-nyzamlylyk, işjeňlik, zähmetsöýerlik endiklerini kemala getirýär, ruhubelentlik ýagdaýyny döredýär. Bir söz bilen aýdylanda, bedenterbiýe we sport adam bedenine hemmetaraplaýyn oňyn täsirini ýetirýär. Milli Liderimiziň ynsan saglygy baradaky pähim-paýhasyndan ugur alnyp, ýurdumyzda sporty ösdürmek babatynda uly ädimler ädilýär. Bu bolsa sport bilen yzygiderli meşgullanýan ildeşlerimiziň sanynyň barha artmagyna giň ýol açýar.

Mälim bolşy ýaly, sport bilen saglygyň arasynda berk baglanyşyk bar. Sport adam bedenini taplap, ýürek we damar ulgamyny güýçlendirýär, dartgynlylygyň derejesini azaldýar. Şeýle hem sport bilen yzygiderli meşgullanylanda, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, dogry iýmitlenmek has ýeňil düşýär. Sport zyýanly endiklerden gaça durmaga ýardam edýär. Sport bilen yzygiderli meşgullanýan adamyň işdäsi we ukusy kadaly bolýar. Bular kadaly bolan ýagdaýynda adam öndürijilikli işläp bilýär.

Aýsoltan AKMYRADOWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.