Türkmenistanyň Tennis federasiýasy halkara derejede gazanan üstünlikleri bilen ýene bir gezek tapawutlandy. Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) Gonkongda geçirilen Baş Assambleýasynda türkmen federasiýasy Aziýanyň iň çalt ösýän guramalarynyň hataryna goşuldy. Bu möhüm waka mynasybetli ATF-nyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň wekillerine tapawutlandyryş nyşanyny gowşurdylar.
Baş Assambleýanyň işine yklymyň 45 döwletiniň milli federasiýalarynyň wekilleri gatnaşdy. Onuň dowamynda ATF-nyň 60 ýyllyk taryhyna ser salnyp, federasiýanyň gazananlary we geljekki ösüş ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.