Döwrebap logistika ulgamy

16 Awgust 2021
1560

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» netijesinde halkara standartlaryna laýyk gelýän döwrebap enjamlary, tehnologiýalary we programma üpjünçiligini ornaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýetiň maglumat, görkezijiler ulgamyny hem-de usulyýetini işe girizmek üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi dünýä ösüşiniň çalt özgerýän häzirki şertlerinde gönüden-göni ykdysadyýetiň netijeliligini hem-de döwlet düzümleriniň işiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Ykdysady nazaryýetiň nukdaýnazaryndan teswirlenende, ozal zähmet maýa goýum we çig mal önümçilik şertlerine degişli bolan bolsa, mundan beýläk innowasion ykdysadyýet şertlerinde onuň düzümine tehnologiýalar, bilim we innowasiýalar goşulýar. Häzirki döwürde sanly görnüşdäki maglumatlaryň ähmiýeti artýar we olar täze ösüş hökmünde häsiýetlendirilýär. Biziň döwletimiz üçin kuwwatly innowasion öňegidişligi gazanmak syýasaty aýratyn özüneçekijidir. Bu ugurda üstünlikler ösüşiň innowasion ýolunyň wajyplygynyň we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň, hyzmatlaryň we harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna gazanylýar.

Milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, diwersifikasiýa etmek we innowasiýa ösüş ýoluna geçmek çözgüdi uzak möhletleýin ykdysadyýetiň durnukly ösüşine baglydyr. Ulag we logistika ulgamynyň innowasiýa ösüşini dolandyrmagyň esaslaryny öwrenmek ýurdumyzyň ulag we logistika ulgamy üçin goýlan ähli derwaýys meseleleri göz öňünde tutup, döredilmeli dolandyryş mehanizmini kämilleşdirmelidigi barada netijä gelmäge mümkinçilik berýär. Ulag we logistika ulgamynyň innowasion ösüşini dolandyrmakda onuň aýratynlyklary, mümkinçilikleri möhüm bolup durýar. Bu ulgamy ösdürmekde dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, bu ugra hususy pudagyň işjeň gatnaşmagy we gyzyklanmagy zerurdyr.

Aýlar USSAÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň öwreniji mugallymy.