Bagtyýarlygyň şuglasy

14 sagat öň
18

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bagtyýar türkmen halkymyz ýagşy arzuw-umytlar bilen Täze — 2025-nji ýyla uly joşgun bilen gadam basýar. Baýramçylyk ruhy Diýarymyzyň ähli künjeklerinde aýdyň duýulýar. Tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly  diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ýatda galyjy wakalara baý bolandygyny aýratyn bellemelidiris.

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilmegi, şeýle hem şahyryň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi beýik söz ussadynyň döredijiliginiň umumadamzat gymmatlygydygyna doly şaýatlyk edýär. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna hem goşuldy. Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly heýkeliniň açylmagy bolsa beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Maýagözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Aşgabat şäher müdirliginiň Berkararlyk etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy, 1-nji derejeli ýurist.