Ylham eçilýän baýram

14 sagat öň
34

Täze ýyl baýramçylygy köpleriň hakydasynda iň bir ýagty, süýji ýatlamalar galdyrýar. Dünýä edebiýatynda, sungatynda uly yz goýan ynsanlaryň hem Täze ýyly garşylaýyşlary barada ýazgylar galypdyr. Şolardan käbirini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Lew Tolstoýyň maşgalasynda Täze ýyl baýramyna tomusdan taýýarlyk görüp başlapdyrlar. Ir-iýmişleriň bişýän möwsüminde çagalar «wişnýa ýelimini» toplapdyrlar. Ony eredip, hoza çalyp, daşyna kümüşsöw, altynsow reňkli kagyzlary ýelmäpdirler. Kagyzdan dürli şekilleri ýasapdyrlar. Sofýa Andreýewna bolsa Tulanyň dükanlaryndan agaç gurjajyklary satyn alypdyr. Agşamlaryna çagajyklar bilen gurjajyklar üçin lybas tikişlerini Sofýa Tolstaýa özüniň ýatlamalarynda ýerleşdiripdir. Çagalaryň yhlasy bilen täsin lybaslara beslenen gurjajyklar Täze ýyl arçasynyň esasy bezegine öwrülipdir. Baýramçylykda töweregiň çagalarydyr maşgalanyň gatnaşýan adamlary Ýasnaýa Polýana çagyrylyp, Tolstoýlaryň öýleriniň ikinji gatyndaky arça agajynyň daşynda gyzykly çykyşlar guralypdyr. Elbetde, çagalara sowgatlaram paýlanypdyr. Çagalaryň joşgunynyň esli wagtlyk ylham eçilýändigini Tolstoý gürrüň berer eken.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Merdan BAÝRAMOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.