Saglyk — baş baýlyk

14 sagat öň
22

Döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak, kämil derejede enjamlaşdyrmak we ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamak milli saglygy goraýyş syýasatynyň möhüm wezipeleridir. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda her bir raýatyň saglygynyň berkidilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Lukman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň lukmançylyk merkezlerine häzirki zamanyň sanly tehnologiýalary we dünýäniň ösen tejribesi işjeň ornaşdyrylýar. 25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Hormatly Arkadagymyz bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumynyň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň uzak möhletleýinlik, berklik şertlerini özünde jemlemelidigini aýtdy.

«Adalat».