Durmuşymyzyň abadançylygy

14 sagat öň
20

«Döwlet adam üçindir!» diýen beýik ýörelgäni esaslandyryp, ýurdumyzyň eşretli durmuşyny üpjün edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary bilen döwrümizi kämilleşdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary netijesinde Diýarymyzyň her bir güni ajaýyp wakalara beslenýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dekabr aýynyň başynda Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň çäklerinde guralan sammitine gatnaşdy. Bu sammit suwdan durnukly peýdalanmagy gazanmak, suw üpjünçiligini gowulandyrmak we howanyň üýtgemeginiň suw serişdelerine ýetirýän oňaýsyz täsirlerini azaltmak babatda dünýäniň dürli sebitlerinden gatnaşýan döwlet, hususy we jemgyýetçilik düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edindi. Ol suw dolanyşygynyň durnuklylygy, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, suw, azyk we energiýa hyzmatdaşlygy, tehnologiýa we innowasiýa, halkara hyzmatdaşlyk we maliýe meseleleri ýaly bäş ugry öz içine aldy.

Daňatar ABDYLLAÝEW,
Akdepe etrabynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.