Akyldarlaryň birinden: «Wajyp we has wajyp, täsin we has täsin, agyr we has agyr, ýakyn we has ýakyn zatlar näme?» diýip sorapdyrlar. Akyldar olara şeýle jogap beripdir: «Ýazygyňa dessine ökünmek we toba etmek wajyp, emma ýaramaz işlerden, oňlanylmaýan hereketlerden gaça durmak, çetleşmek has wajyp. Wagtyň juda çalt geçýändigi täsin, ýöne ynsanyň muňa asla ähmiýet bermeýändigi, gapyl galýandygy has täsin. Kyn günlerde sabyr etmek agyr, emma ondan gazanjak sogabyňy zeýrenç arkaly ýele gidirmek, ýitirmek has agyr. Umyt edýän her bir zadyň ýakyn, emma duýup bilýän adam üçin olara eltýän ynam olardan-da has ýakyn».