Bilelikdäki ösüşlere täze badalga

14 sagat öň
18

Obany ýa-da şäheri wasp edip görensiňiz. Ýyldyzly gijäni ýa-da säheri wasp edip görensiňiz. Güýzi ýa-da bahary wasp edip görensiňiz. Ýöne bularyň hiç biri Watany wasp etmek ýaly datly, lezzetli däldir. Her kim bir zatdan ylham alýar. Biziň ylham çeşmämiz — Watana bolan yşkymyz. Dünýäniň dört künjünde, ýedi yklymynda eziz ýurdumyzyň adyna aýdylýan, şanyna ýaňlanýan hoşamaý jümleler jümle-jahanyň jemalyny özünde jemleýän gudrat deýin täsirli. Ýaňy-ýakynda bir döwletli nesibe bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Malaýziýa döwletine ilkinji resmi saparynyň düzüminde bolmak bagty miýesser etdi. Bizden ýüzlerçe menzil uzaklykda ýerleşen, ekwatory erňekläp oturan Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäheri Gündogaryň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biri. Şäheriň adynyň «Läbik çaý» ýa-da «Batgalyk kenar» ýaly manylarynyň bardygyna garamazdan, bu wagt bu şäher özüniň syýahatçylyk, işewürlik we ykdysady mümkinçilikleri bilen dünýäniň ünsüni özüne çekýär.

Aslynda, her birimiziň aňymyzda bir ýer ýa-da bir söz barada nähilidir bir ornap galan düşünje bar. Her gezek şol söz agzalanda ilki bilen şony ýatladýan we aňladýan düşünjelerimiz ör-boýuna galýar. Malaýziýa diýlende gür tokaýlyklara basyrnyp oturan, ajaýyp tebigatly, dag-dereli, çeş- me-çaýly, aýlaglary, şypahanalary, taryhy mesgenleri hem-de häzirki zaman şäherleri bilen adygan, syýahatçylygyň merkezi hökmünde meşhur bolan ýer göz öňünde janlanýar. Ine, şol gadymy hem döwrebap döwletiň taryhynda ýene bir tä- ze sahypa açyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 18-19-njy dekabrda Malaý- ziýa amala aşyran ilkinji resmi sapary özara gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge, mümkinçilikleri netijeli peýdalanmaga giň ýol açdy. Kuala-Lumpuryň köçelerinde iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň ýanma-ýan goýulmagy belent mertebeli myhmana hem-de Türkmenistan döwletimize goýulýan uly gadyr-hormatyň nyşany. Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlany bäri geçen 32 ýylyň dowamynda Türkmenistan — Malaýziýa gatnaşyklary aýratyn ýatlanylmaly wakalara baýdyr. Durmuşa geçirilen bilelikdäki taslamalar, halkara guramalaryň çäklerindäki asylly maksatlara daýanýan tutumly tagallalar bu gatnaşyklaryň aýdyň ýüzi. Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gerimini giňeltmekde, özara ösüşli ýollary öňe ilerletmekde Gahryman Arkadagymyzyň taryhy işlerine Malaýziýada ýokary baha berilýär. Muny şu saparyň dowamynda gaýta-gaýta duýmak miýesser etdi.

Rahmet GYLYJOW,
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory.