"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Il bähbitli kanunlar

Döwlet durmuşynyň ähli ugurlary we ulgamlary boýunça täze ösüşlere beslenýän Diýarymyzda kanunçylyk ulgamy hem döwrebap derejede kämilleşdirilýär. Şeýle kanunlaryň hatarynda «Adatdan daşary ýagdaýda halkara ynsanperwer kömegi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bu ugurdaky işleriň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär. Kanunyň umumy düzgünlerini aýdyňlaşdyrýan birinji babynda adatdan daşary ýagdaýlarda ynsanperwer kömegi baradaky esasy düşünjeler, halkara kömegiň hukuk esaslary dogrusyndaky maddalar, şeýle hem şu kanunyň hereket edýän çygry, maksatlary we halkara kömegini bermegiň esasy ýörelgeleri beýan edilýär. Şeýle hem hukuga eýe subýektlere hukuk ýeňilliklerini bermek, hemaýatkär subýektleriň hukuk ýeňilliklerini almaga bolan hukugyny ykrar etdirmek üçin ýüz tutmasy barada degişli maddalarda doly kepillendirilýär. Kanunda halkara kömegine mätäç daşary ýurt döwletlerine halkara kömeginiň ýükleriniň, şol sanda halkara işgärler toparynyň, ulag serişdeleriniň, üpjünçilik närseleriniň Türkmenistanyň çäginden geçirilmeginiň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan ýeňilleşdirilen tertipde amala aşyrylýandygy bellenendir. Bu ýurdumyzyň iri halkara guramalar bilen ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de sazlaşykly häsiýetde giňden ýaýbaňlandyrjakdygynyň kanuny subutnamasydyr.

Bagtyýarlyk döwrüniň ýaşlary

Hormatly Prezidentimiziň halkyň bähbidinden ugur alyp durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýaşlar hakyndaky aladadyr. Bagtyýar ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmekleri, halal zähmet çekmekleri we döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Milli Liderimiziň ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, bagtyýarlyk döwrümizde milli ýörelgelerimize ygrarly, ata Watanymyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmelere öz wagtynda seslenip, dürli ulgamlarda gazanylýan ösüşlere mynasyp goşant goşmaga höwesli, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän ruhubelent ýaşlar kemala gelýär.

Uzaga çeken gözleg

Biz Garaşsyzlygyň, has dogrusy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly syýasaty netijesinde yglan edilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň adamlary bolup, Ýeňiş baýramyny uludan toýlaýarys. Watançylyk urşunyň ýeňişli tamamlanaly bäri ýetmiş alty ýyl geçip, ýyllar geçen urşuň ýüzüni örtse-de, ýürekleriň öçmez yzasy şindi-şindilerem öz bardygyny bildirip dur. 1941 — 1945-nji ýyllar aralygynda dowam eden ganym uruş daşlaşsa-da, adamzat nesliniň hiç wagt ýadyndan çykmaýar.

Bähbitli işler rowaçlanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurt Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli däl çygryny-hususyýetçiligi ösdürmäge örän uly üns berýär. Şeýle tutumly işler ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegine we öňe gitmegine giň ýol açýar. Şeýlelikde, döwletimizde öndürilýän jemi önümde türkmen telekeçileriniň paýy ýylsaýyn artýar. Olaryň ilata hödürleýän harytlarydyr önümleriniň görnüşleri artyp, hili ýokarlanýar. Şol bir wagtda telekeçiligiň täze öndüriji güýç hökmünde has uly orna eýe bolmagyna itergi berýär. Täze iş orunlary peýda bolýar. Şeýle ösüş-özgerişli depginiň bady hormatly Prezidentimiziň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda-da barha artýar. Ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy tejribesine daýanýan kämil salgyt ulgamy hereket edýär. Etrap salgyt bölümimiziň işgärleri Türkmenistanyň “Salgytlar hakynda” Bitewi kanunyndan ugur alýarlar. Salgyt töleýjileri salgyda çekmek bilen, olaryň hereket edýän kanunçylykda kesgitlenen salgytlary we beýleki hökmany tölegleri öz wagtynda we dogry tölemeklerini üpjün etmek möhüm wezipe bolup durýar. Bölümimiziň işgärleri şeýle wezipäniň hötdesindenem abraý bilen gelýärler.

Asudalygyň goragynda

Jogapkärçiligimizi duýmalydyrys Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň il-günümiziň rahat, asuda durmuşyny goramak bilen bagly öňde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmekde içeri işler edaralarynyň işgärleri uly tagallalary edýärler. Raýatlaryň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda, köçe we ýollarymyzyň hadysasyz bolmagyny üpjün etmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Asylly ýörelgelere buýsanç

Her halkyň abraý-mertebesi onuň milli ýörelgelerinden gözbaş alýar. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly eseri bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne eserinde beýan edilişi ýaly, milli ýörelgelerimiz her bir adamyň, her bir maşgalanyň, netijede bolsa, döwletimiziň rowaçlyga barýan ýolunda esasy hazyna, gymmatly çeşmedir. Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň Gypjakdaky Baş metjitde agzaçar sadakasyny bermegi ähli halkymyzyň milli Liderimiziň töweregine jebisliginiň, agzybirliginiň, döwletliliginiň nobatdaky beýany boldy. Oraza aýynyň sogaply günlerinde berlen bu agzaçar sadakasyna paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdy.

Adam hukuklarynyň goraglylygy — ählumumy ösüşiň binýady

Taryhdan mälim bolşy ýaly, jemgyýetiň ösüşiniň her bir täze basgançagy adam hukuklaryny üpjün etmek we mazmunyny baýlaşdyrmak bilen aýrylmaz baglydyr. Çünki ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmekde adam hukuklaryna aýratyn orun degişlidir. Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik mirasy, däp-dessurlary, türkmen halkynyň belent ruhy sütünleri demokratiýany, kanunyň hökmürowanlygyny, şahsyýetiň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilişini berkitmegiň esasyny emele getirýär. Durmuş ugurly özgertmeler syýasatynyň esasynda milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen we döwlet maksatnamalarynda kesgitlenilen wezipeleri nazara alyp, döwrüň talabyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, döwrebap hukuk namalarynyň, meýilnamalaryň birnäçesi kabul edilýär.

Täsirli duşuşyk

Kerki etrap bilim bölüminde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap hassahanasynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Sagdyn nesil — röwşen geljek» atly tema boýunça mekdep okuwçylary bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çykyş edenler ýaş nesliň biziň geljegimizdigini nygtamak bilen, olaryň geljekde sagdyn adamlar bolup ýetişmegi üçin yzygiderli aladalanmagyň zerurdygyny aýratyn bellediler. Saglyk, arassaçylyk kadalaryny olaryň her biriniň gyşarnyksyz yzygiderli ýerine ýetirmelidigine, agyz-burun örtügini dogry we doly dakynmalydygyna hem-de beýleki şertleri berjaý etmelidigine ünsi çekdiler. Soňra olar okuwçy ýaşlaryň dürli sowallaryna jogap berdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýyndamlygy bilen goýar haýrana

Behişdi bedewlerimiz halkymyzyň ýürek buýsanjydyr, köňül ganatydyr. Atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmekde ýurdumyzda ýetilen dünýä nusgalyk belent sepgitler üçin halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza alkyşy hem-de hoşallygy egsilmeýär. Muňa geçen ýekşenbe güni ýazky at çapyşyk möwsüminiň Balkan atçylyk sport toplumynda geçirilen tapgyry hem doly şaýatlyk etdi. Toplumyň öňündäki meýdançada guralan sergilerde gelin-gyzlarymyzyň el hünärleriniň nusgalyk önümleri, şaý-sepleri, amaly-haşam sungatynyň eserleri, bedewlerimiziň bezeg esbaplary öz mynasyp beýanyny tapdy. Ýaş zehinleriň bu ýerde bedewlerimiziň keşbini döredip çekýän suratlary hem dabara gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. Welaýatyň sungat ussatlarynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ösüşlerini, mukaddes Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, bedew atlarymyzy wasp edip ýerine ýetiren aýdym-sazlary ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

ÝOLLARYMYZYŇ ASUDALYGY UGRUNDA

Halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny gazanmak eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan ähli işleriň baş maksadydyr. Ýurdumyzyň ýol- -ulag düzümini döwrebaplaşdyrmakda, dünýä ülňülerine laýyk ýollardyr köprüleri, sowma ýollary, ýerasty we ýerüsti geçelgeleri gurmakda alnyp barylýan döwletli tutumlar hem şu maksadyň rowaçlygyna gönükdirilendir. Munuň özi ýollarymyzda howpsuz, sazlaşykly hereketiň ýola goýulmagyny üpjün edýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň işjeň gatnaşmaklarynda geçirýän wagyz-nesihat çärelerimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýollarymyzyň asudalygy ugrunda giň gerimde alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekýäris. Döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýollarymyzda hereket howpsuzlygyny üpjün etmekde her birimiziň öňümizde durýan wezipeler barada giňişleýin durup geçýäris. Ýolda özüňi alyp barmagyň medeniýeti, pyýadadyr sürüjiniň sazlaşykly hereketiniň wajypdygy dogrusynda gürrüň edýäris. Şeýle düşündiriş işleri dürli ýaşdaky adamlarda, şol sanda ýaş nesillerde uly gyzyklanma döredýär. Munuň özi köçelerde seresaply hereket etmegi yzygiderli ündemegiň ýaş nesilleriň bu babatdaky düşünjelerini baýlaşdyrýandygyna, ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagyna ýardam berýändigine güwä geçýär. Halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda uly işleri alyp barýan Arkadag Prezidentimiziň adyna aýdylýan hoşallyk söz

Milli däp-dessurlarymyz — nesil terbiýesiniň gözbaşy

30-njy aprelde paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde «Hormatly Arkadag Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgesi — nesillere görelde» atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, pudaklaýyn düzümleriň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň özbek diline neşir edilmegi, iki goňşy ýurduň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli tagallasy netijesinde ösýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, bu ugurlar ýaşlaryň watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda geçirýän «Talyp joşguny — 2021» atly döredijilik festiwalynyň DÜZGÜNNAMASY

Berkarar döwletimiziň sene ýazgysy beýik başlangyçlaryň esasynda il-ýurt bähbitli işleriň durmuşa geçirilmegi, uly üstünlikleriň, ösüşleriň gazanylmagy bilen baýlaşýar. Milli Liderimiziň: «Medeniýet ýaş nesli milletiň gadymy ruhy däp-dessurlarynda terbiýelemek döwlet işiniň strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar» diýen taglymatlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda bu ulgamyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Milli medeniýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky döwlet derejesinde alnyp barylýan tutumly işler halkymyzyň, aýratyn hem, ýaş nesliň ata Watanymyza, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjyny artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň gadymy taryhyny we medeni mirasyny içgin öwrenmeklige uly ähmiýet berýär. Bularyň ählisiniň ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak uly ähmiýeti bardyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň joşgunly owazyny wasp etmek, halkymyzyň milli medeniýetiniň many-mazmunyny ýaş nesle öwretmek, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmak, talyp ýaşlaryň aýdym-saz we tans sungatynda, halk döredijiliginde zehin-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda

Atamyň pendi (Durmuş we biz)

Ata-enäniň pent-nesihatlary durmuşda gerekli sapaklaryň biri bolýan ekeni. Henizem bolsa, käte çaga terbiýesinde aljyran wagtym ýaşulularyň gyzyla gaplaýmaly dana maslahatlaryna mätäçligimi duýýaryn. Golaýda işe giden wagtym körpe oglum garagolluk edip, özünden uly doganyna duýdurmazdan, oýnamaga gidipdir. Bu habary eşiden dessime, oňa gaýdyp beýle ýagdaýy gaýtalamaz ýaly mazalyja temmi bermeli diýen netijä geldim. Gatyrak gaharlanyp, öteräk geçenimi hem bilmän galypdyryn. Kerim şahyryň diýşi ýaly: «Käýinsemem käýindim welin, ene ýüregim balam bilen bile aglady». Gynanýanymy bildirmejek bolup, şunça özümi asuda alyp barmaga çalyşsamam, ýüregim ýerinden çykaýjak boldy.

Jemgyýetçilik guramalarynda

Ýakynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň mejlisler jaýynda «Milli demokratiýanyň dabaralanmagy» diýen at bilen maslahat geçirildi. TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň we «Türkmendemirýollary» agentliginiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň hojalygy dolandyrýan gullugynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Maslahatda çykyş edenler ösüşiň we döredijiligiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda demoktarik ýörelgeleriň rowaçlyklara beslenýändigini bellediler.

Beýik işlere goşant

Şu günler her hepdäniň şenbe, ýekşenbe günleri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, paýtagtymyzdaky edara-kärhanalaryň, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, ýaşaýjylaryň gatnaşmagynda geçirilýän arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň Watançylyk joşgunyna öwrülmegi netijesinde mähriban paýtagtymyzyň keşbi gün-günden gözelleşip, gülzarlyga, päkizelige beslenýär. Aşgabadyň täsin gözelliklerini synlamaga, biri-birinden owadan, ajaýyp binagärlik keşbine seýran etmäge gelýän ýurdumyzyň dürli ýaşdaky raýatlarynyň sany barha artyp barýar. Esasan-da, welaýatlarymyzda, oba-şäherlerimizde ýaşaýan çagalaryň ýurdumyzyň baş şäherine syýahata aýlanmaga bolan arzuwlary çäksiz. Şoňa görä-de çagalaryň, mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alşa çykyp, paýtagtymyzyň biri-birinden owadan, gözel künjeklerine seýran etmäge bolan arzuwlarynyň hasyl bolmagyna eýýäm az wagt galdy. Ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde geçirilýän ýowarlara Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň janypkeş işgärleriniň guramaçylykly, taýýarlykly gatnaşyp, joşgunly zähmet çekýändiklerini her hepdäniň dowamynda görmek bolýar. Olar eýýäm öz işleýän ýerleriniň daş-töweregini arassalap, ösüp oturan baglarda timarlaýyş işlerini geçirip, baglaryň seýrek ýerlerine owadan görnüşli

Hem lukman, hem işewür

Dermanhana sähel endamyň syzlasa, ilkinji ýüz tutulýan ýerleriň biri. Ol näçe ýakyn bolsa, şonça gowy. Soňky ýyllarda Türkmenabat şäherinde işleýän dermanhanalaryň sany barha artýar. Olarda ýurdumyzda öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän derman we beýleki lukmançylyk serişdeleriniň ýüzlerçe görnüşi ilata hödürlenilýär. Şol dermanhanalaryň bir bölegi bolsa hususy pudagyň wekillerine degişlidir. Şäheriň «Merkezi» etrapçasyndaky dermanhanany bilmeýän ýok bolsa gerek. Ir säherden giç agşama çenli hyzmat edýän bu saglyk ojagy «Saglyk» hususy kärhanasyna degişli. Bu kärhana indi 22 ýyldan bäri başarjaň işewür zenan, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň uçurymy Zerhal Narmämmedowa ýolbaşçylyk edýär. Ol ýakynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 13 ýyllygy mynasybetli geçirilen serginiň çäklerinde jemi jemlenilen «Telekeçi ― 2020» bäsleşiginiň hem ýeňijileriniň biridir. Has takygy, ol bäsleşigiň «Ýylyň işewür zenany» ugry boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeledi.

Ýaşlar — Watanyň kuwwaty

Döwrüň belentliklerini nazarlap, öňe barýan ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň we bimöçber aladalarynyň netijesinde ýaş nesliň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap mekdeplerde bilim almaklaryna, saýlap alan hünärlerine eýe bolmaklaryna we bilimlerini artdyrmaklaryna, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryna hemmetaraplaýyn goldaw bermek Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýýan baş wezipeleriniň biridir. Ýaşlaryň ata Watanymyza bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy milli Liderimiziň olara edýän sargytlaryna, bildirýän uly ynamyna wepadarlygyny äşgär edýär. Milli Liderimiziň amala aşyrýan tutumly işleri il-ulsumyzyň egsilmez alkyşyna mynasyp bolýar.

Yhlas ýeňşe ýetirýär

Zehiniň, yhlasyň, ukybyň bar ýerinde olar seni hökman ýeňişli menzillere ýetirýär. Ine, Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aýnabat Koçiýewa hem şeýle zehinli ýaşlaryň biridir. Aýnabat ýaşlygyndan himiýa, biologiýa derslerini gowy görýär. Şonuň üçin hem mekdepde himiýadan meseleleriň jogabyny anyklamak onuň üçin iň gyzykly pişä öwrüldi. Şeýdibem Aýnabat 8-nji synpdan bäri himiýadan, biologiýadan ders bäsleşikleriniň şäher, welaýat tapgyrlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýär. Elbetde, bu üstünlikler bolsa zehinli gyzyň oýlap tapyjylyk bilen meşgullanmagyna-da uly goltgy bolýar. Oňa bu işde mugallymy Mähremjemal Rejepowa uly ýardam berýär.

Hoş owazly Kerem

Ýurdumyzda zehinli ýaşlaryň barha köpelýändigi diýseň buýsandyryjydyr. Olar orta mekdepde göreldeli okamak bilen, medeniýetde, sungatda, sportda hem öz ukyp-başarnyklaryny synap görýärler. Munuň üçin bolsa ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar. Darganata etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Kerem Çaryýew hem şol mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmagy başarýan ýetginjekleriň biri. Kerem mekdepde göreldeli we gowy okaýan okuwçylaryň hatarynda tanalýar. Diňe bu-da däl, ol aýdym aýtmakda, küşt oýnamakda hem deň-duşlaryndan tapawutlanýar. Onuň aýdym-saza höwrükmegine dogany Şageldi sebäp boldy. Doganynyň dutarda çalýan sazlaryna goşup, çagalygyndan Kerem aýdyma hiňlenerdi. Hossarlary aýdym-saza bolan höwesiniň bardygyny duýup, ony etrapdaky çagalar sungat mekdebiniň bagşyçylyk hünärine okuwa getirdiler. Bu ýerde halypasy Wepa Babekow oňa bu sungatyň inçe syrlaryny öwreden bolsa, öýünde dogany Şageldi geçilenleri gaýtalatdy. Şeýdip, Kerem kem-kemden kämilleşdi.

«Ol şirwan perdäňe galsana bagşy...»

Gürrüňini etjek bolýan bagşy gyzymyz Jemal Saparowa —Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň 4-nji ýyl talyby, «Ýaňlan, Diýarym — 2016!» telebäsleşiginiň ýeňijisi. Milli aýdym-saz sungatymyzyň ösüşli menzilleri barada söhbetdeşlik guramak maksady bilen umumy ýaşaýyş jaýyna baranymyzda, ol «Görogly» şadessanyndan «Bezirgen hany?» diýen aýdymy aýdýan eken. Men onuň bilen söhbetdeşligimi özümi gyzyklandyran sowal bilen başladym. — Jemal, näme üçin bu aýdymy keşbe girip ýerine ýetirýärsiň?!