"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Watan söýgüsi mukaddesdir

Düýn paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi. Dabara onuň esasy myhmanlary bilen birlikde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlarydyr talyp ýaşlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Dabarada uruş weteranlaryna, olaryň ýanýoldaşlarydyr tylda zähmet çekenlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bu ýerdäki baýramçylyk konserti hem dabara gatnaşanlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Biz hem dabarada bolup, uruş weterany, şeýle-de tylda zähmet çeken ildeşlerimiziň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Ýagşy edep — döwrümiziň ýaraşygy

Il arasynda ýaşuly nesle aýratyn hormat goýulýar. Bu häsiýet ýyllaryň, asyrlaryň dowamynda kämilleşip, häzirki günlerde milli ýörelgä öwrülip, ýaş nesil üçin özboluşly mekdep bolup hyzmat edýär. Halkymyz parasatly kişilere, her hili pursatlarda maslahat bermegi başarýan adamlara uly hormat bilen garaýar. Türkmen ýaşulusy diýen düşünje köküni gadymyýetden alyp gaýdýar. Bagtyýarlyga beslenen häzirki döwrümizde bu düşünjäniň many-mazmuny has çuňlaşdy. Berkarar ýurdumyzda il-ýurt bähbitli döwletli işleriň başy tutulanda ýaşululara sala salynýar. Bu babatda milli Liderimiziň göreldesi hemmämiz üçin nusgadyr.

Ýeňiş üçin doglanlar

Asyrlaryň gatyna siňen şöhratly taryhy ýollar, türkmen gerçekleriniň merdanalygyna eýlenen taryhy ýyllar halkymyzyň hakydasynda müdimilik ýaşaýar. Olar hakynda gozgalan gürrüňler nesilleriň aňyna mukaddesligiň söhbedi bolup ornaýar. Käbir taryhy wakalar çagalygymyzdan gulagymyza guýlup öwredilen ýaly. Aslynda welin, olar biziň süňňümize pederlerimiziň watançylyk ruhy bilen ornan. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy mekdep ýyllarymyzdan bäri aňymyzda. Heňňamyň beýik hekaýatlarynyň arasyndaky bu ýowuz ýatlama bilen tanşan her bir türkmen nesliniň Watan üçin şirin janyny orta goýup söweşen pederlerine bolan hormat-sarpasy artýar. Häzirki wagtda Aşgabat şäherimizde şöhratly taryhymyza çäksiz hormatyň nyşany hökmünde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy ebedileşdirildi. Her ýylyň 9-njy maýy golaýlaberende, ata-babalarymyzyň, merdana gerçeklerimiziň watansöýüjilik ýoly, mertligi hakynda oý-pikirlere berilýärsiň. Şirin janlaryny orta goýup, söweş meýdanyna giren gerçekleriň kalbynda bir arzuw ýaşaýardy. Hawa, bir arzuw! Şol arzuw olary geljekki arzuwlaryna ýetirjekdi. Olar oňa ynanýardylar. Ynandylar. Gaýratly gerçeklerimiz 1945-nji ýylyň maýynda maksat-myratlaryna ýetdiler.

­Hakydalarda ýaşaýan gerçek

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Watanyň azatlygy ugrunda gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezen gerçekler hakydalarda hemişelik ýaşaýarlar. Şeýle gerçekleriň biri-de Serdar şäherinde ýaşan Ruben Hristoforowiç Bagirowdyr. Ruben 1926-njy ýylda Serdar şäherindäki 2-nji ýediýyllyk orta mekdebi tamamlap, dürli kärlerde zähmet çekýär. 1943-nji ýylda bolsa ol goşun gullugyna çagyrylyp, Aşgabatdaky pyýada goşunlary taýýarlaýan harby mekdebini tamamlansoň, 1944-nji ýylyň mart aýynda fronta ugradylýar we R.H. Bagirowyň söweş ýolunyň sahypalaryna ýatdan çykmajak wakalar ýazylýar. 1944-nji ýylyň 18-nji iýulynda «Günbatar Bug derýasynyň üstünden Krystynopola geçilýän köprini duşmanyň elinden alyp, tanklary hem artilleriýany köprüden geçirmeli!» diýen buýruk ýyldyrym çaltlygynda Bagirowyň söweşýän wzwodyna ýaýraýar. Bagirow söweşiji topardan ýoldaşy Kostenko bilen maslahatlaşyp, operasiýa taýýarlygyny gözden geçirip, ätiýaç taýýarlygyny görýär. Şeýle edilmese, duşmanlar köprini partladyp, özleriniň goranyşyny berkitmäge wagt utjakdy. Şonuň üçin, ýagdaý çalt we oýlanyşykly hereket etmegi talap edýärdi...

Ýeňiş bilen dolanan dört obadaş

Beýik Watançylyk urşunda Pomma Nurberdiýewiň «ädiginiň ýoluny» yzarlan gerçekler başga-da köp. Şeýle gerçekleriň biri uzak ýola gidip, gursagy «şöhrat gülli», beýik ýeňişli ata mekanyna dolanyp gelen Aman Rejebowdy. Ýeňşe sary uzan ýoly külterlän bu merdana gerçek, hut şol hasratly, kynçylykly pursatlara sary ýatlamalar ýoluny külterlemäge başlady... Ýatlamalar bu merdana esgeri ýaşlyk ýyllaryna we birmahalky Sarahs etrabyna alyp gitdi. 1943-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunyň aldym-berdimli pursatlary gidip durka, ozalky Sarahs raýonynyň Sarahs pasýologynda doglan Ata Mülkiýew, Muhat Muhyýew, Aman Rejebow dagy harby gulluga çagyrylýar. Şolaryň arasyndan Ata Mülkiýew 1941-nji ýyldan bäri duşmanlara garşy söweşip ýören Nary Gurbanowyň gulluk edýän harby bölümine düşüp, olar duşmanlara garşy egin-egne berip söweşipdirler. Bir etrabyň çäginde boý alyp, uruş zerarly hersi bir ýana düşen bu gerçeklere uruş ahyrlabereninde birek-birege gabatlaşmak miýesser etdi. Bularyň çet ülkelerde birleşen ýoly bolsa, bilelikde ýeňşe sary ädim ätmeklerine getirdi.

Halk häkimiýetliliginiň täze nusgasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni uly üstünliklere, belent sepgitlere beslenýär. Bagtyýar halkymyz Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy uly dabaralar bilen bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli taryhy wakalara şaýat bolýar. Şolaryň hatarynda durmuş-ykdysady, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli wakalaryň biri hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň döredilmegidir. Döwlet dolandyryşyny we jemgyýeti kämilleşdirmäge gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriň çäklerinde iki palataly parlament ulgamyna geçilmegi ýurdumyzda halk häkimiýetiniň dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen durmuşa geçirilen bu özgertmeleriň düýp mazmuny döwlet bilen raýatyň arasyndaky özara baglanyşygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Häkimiýetiň wekilçilikli kanun çykaryjy edarasynyň işini döwrebaplaşdyrmak döwrüň öňe sürýän wezipelerinden we halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ugur alýar.

Täzelikler, habarlar

WAGYZ-NESIHAT EDILÝÄRÝakynda welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş, şeýle hem «Ene mähri» merkezlerinde saglygy goraýyş işgärleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat maslahatlary geçirildi. Maslahatlarda welaýat Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň uly gözegçisi Tawus Ýagmyrowa, Daşoguz şäher polisiýa bölüminiň ýol gözegçilik bölümçesiniň wagyz-nesihat işleri boýunça uly gözegçisi Akmyrat Mosanow, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmeni Maral Täjibaýewa, welaýat narkologiýa hassahanasynyň lukmany Jennet Garaýewa dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, häzirki wagtda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän işleriň we wagyz-nesihat çäreleriniň netijesinde, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilýändigi, arassaçylyk kadalarynyň doly berjaý edilýändigi barada belläp geçdiler.

Il bähbitli kanunlar

Döwlet durmuşynyň ähli ugurlary we ulgamlary boýunça täze ösüşlere beslenýän Diýarymyzda kanunçylyk ulgamy hem döwrebap derejede kämilleşdirilýär. Şeýle kanunlaryň hatarynda «Adatdan daşary ýagdaýda halkara ynsanperwer kömegi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bu ugurdaky işleriň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär. Kanunyň umumy düzgünlerini aýdyňlaşdyrýan birinji babynda adatdan daşary ýagdaýlarda ynsanperwer kömegi baradaky esasy düşünjeler, halkara kömegiň hukuk esaslary dogrusyndaky maddalar, şeýle hem şu kanunyň hereket edýän çygry, maksatlary we halkara kömegini bermegiň esasy ýörelgeleri beýan edilýär. Şeýle hem hukuga eýe subýektlere hukuk ýeňilliklerini bermek, hemaýatkär subýektleriň hukuk ýeňilliklerini almaga bolan hukugyny ykrar etdirmek üçin ýüz tutmasy barada degişli maddalarda doly kepillendirilýär. Kanunda halkara kömegine mätäç daşary ýurt döwletlerine halkara kömeginiň ýükleriniň, şol sanda halkara işgärler toparynyň, ulag serişdeleriniň, üpjünçilik närseleriniň Türkmenistanyň çäginden geçirilmeginiň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan ýeňilleşdirilen tertipde amala aşyrylýandygy bellenendir. Bu ýurdumyzyň iri halkara guramalar bilen ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de sazlaşykly häsiýetde giňden ýaýbaňlandyrjakdygynyň kanuny subutnamasydyr.

Bagtyýarlyk döwrüniň ýaşlary

Hormatly Prezidentimiziň halkyň bähbidinden ugur alyp durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýaşlar hakyndaky aladadyr. Bagtyýar ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmekleri, halal zähmet çekmekleri we döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Milli Liderimiziň ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, bagtyýarlyk döwrümizde milli ýörelgelerimize ygrarly, ata Watanymyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmelere öz wagtynda seslenip, dürli ulgamlarda gazanylýan ösüşlere mynasyp goşant goşmaga höwesli, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän ruhubelent ýaşlar kemala gelýär.

Uzaga çeken gözleg

Biz Garaşsyzlygyň, has dogrusy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly syýasaty netijesinde yglan edilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň adamlary bolup, Ýeňiş baýramyny uludan toýlaýarys. Watançylyk urşunyň ýeňişli tamamlanaly bäri ýetmiş alty ýyl geçip, ýyllar geçen urşuň ýüzüni örtse-de, ýürekleriň öçmez yzasy şindi-şindilerem öz bardygyny bildirip dur. 1941 — 1945-nji ýyllar aralygynda dowam eden ganym uruş daşlaşsa-da, adamzat nesliniň hiç wagt ýadyndan çykmaýar.

Bähbitli işler rowaçlanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurt Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli däl çygryny-hususyýetçiligi ösdürmäge örän uly üns berýär. Şeýle tutumly işler ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegine we öňe gitmegine giň ýol açýar. Şeýlelikde, döwletimizde öndürilýän jemi önümde türkmen telekeçileriniň paýy ýylsaýyn artýar. Olaryň ilata hödürleýän harytlarydyr önümleriniň görnüşleri artyp, hili ýokarlanýar. Şol bir wagtda telekeçiligiň täze öndüriji güýç hökmünde has uly orna eýe bolmagyna itergi berýär. Täze iş orunlary peýda bolýar. Şeýle ösüş-özgerişli depginiň bady hormatly Prezidentimiziň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda-da barha artýar. Ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy tejribesine daýanýan kämil salgyt ulgamy hereket edýär. Etrap salgyt bölümimiziň işgärleri Türkmenistanyň “Salgytlar hakynda” Bitewi kanunyndan ugur alýarlar. Salgyt töleýjileri salgyda çekmek bilen, olaryň hereket edýän kanunçylykda kesgitlenen salgytlary we beýleki hökmany tölegleri öz wagtynda we dogry tölemeklerini üpjün etmek möhüm wezipe bolup durýar. Bölümimiziň işgärleri şeýle wezipäniň hötdesindenem abraý bilen gelýärler.

Asudalygyň goragynda

Jogapkärçiligimizi duýmalydyrys Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň il-günümiziň rahat, asuda durmuşyny goramak bilen bagly öňde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmekde içeri işler edaralarynyň işgärleri uly tagallalary edýärler. Raýatlaryň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda, köçe we ýollarymyzyň hadysasyz bolmagyny üpjün etmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Asylly ýörelgelere buýsanç

Her halkyň abraý-mertebesi onuň milli ýörelgelerinden gözbaş alýar. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly eseri bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne eserinde beýan edilişi ýaly, milli ýörelgelerimiz her bir adamyň, her bir maşgalanyň, netijede bolsa, döwletimiziň rowaçlyga barýan ýolunda esasy hazyna, gymmatly çeşmedir. Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň Gypjakdaky Baş metjitde agzaçar sadakasyny bermegi ähli halkymyzyň milli Liderimiziň töweregine jebisliginiň, agzybirliginiň, döwletliliginiň nobatdaky beýany boldy. Oraza aýynyň sogaply günlerinde berlen bu agzaçar sadakasyna paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdy.

Adam hukuklarynyň goraglylygy — ählumumy ösüşiň binýady

Taryhdan mälim bolşy ýaly, jemgyýetiň ösüşiniň her bir täze basgançagy adam hukuklaryny üpjün etmek we mazmunyny baýlaşdyrmak bilen aýrylmaz baglydyr. Çünki ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmekde adam hukuklaryna aýratyn orun degişlidir. Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik mirasy, däp-dessurlary, türkmen halkynyň belent ruhy sütünleri demokratiýany, kanunyň hökmürowanlygyny, şahsyýetiň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilişini berkitmegiň esasyny emele getirýär. Durmuş ugurly özgertmeler syýasatynyň esasynda milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen we döwlet maksatnamalarynda kesgitlenilen wezipeleri nazara alyp, döwrüň talabyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, döwrebap hukuk namalarynyň, meýilnamalaryň birnäçesi kabul edilýär.

Täsirli duşuşyk

Kerki etrap bilim bölüminde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap hassahanasynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Sagdyn nesil — röwşen geljek» atly tema boýunça mekdep okuwçylary bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çykyş edenler ýaş nesliň biziň geljegimizdigini nygtamak bilen, olaryň geljekde sagdyn adamlar bolup ýetişmegi üçin yzygiderli aladalanmagyň zerurdygyny aýratyn bellediler. Saglyk, arassaçylyk kadalaryny olaryň her biriniň gyşarnyksyz yzygiderli ýerine ýetirmelidigine, agyz-burun örtügini dogry we doly dakynmalydygyna hem-de beýleki şertleri berjaý etmelidigine ünsi çekdiler. Soňra olar okuwçy ýaşlaryň dürli sowallaryna jogap berdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýyndamlygy bilen goýar haýrana

Behişdi bedewlerimiz halkymyzyň ýürek buýsanjydyr, köňül ganatydyr. Atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmekde ýurdumyzda ýetilen dünýä nusgalyk belent sepgitler üçin halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza alkyşy hem-de hoşallygy egsilmeýär. Muňa geçen ýekşenbe güni ýazky at çapyşyk möwsüminiň Balkan atçylyk sport toplumynda geçirilen tapgyry hem doly şaýatlyk etdi. Toplumyň öňündäki meýdançada guralan sergilerde gelin-gyzlarymyzyň el hünärleriniň nusgalyk önümleri, şaý-sepleri, amaly-haşam sungatynyň eserleri, bedewlerimiziň bezeg esbaplary öz mynasyp beýanyny tapdy. Ýaş zehinleriň bu ýerde bedewlerimiziň keşbini döredip çekýän suratlary hem dabara gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. Welaýatyň sungat ussatlarynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ösüşlerini, mukaddes Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, bedew atlarymyzy wasp edip ýerine ýetiren aýdym-sazlary ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

ÝOLLARYMYZYŇ ASUDALYGY UGRUNDA

Halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny gazanmak eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan ähli işleriň baş maksadydyr. Ýurdumyzyň ýol- -ulag düzümini döwrebaplaşdyrmakda, dünýä ülňülerine laýyk ýollardyr köprüleri, sowma ýollary, ýerasty we ýerüsti geçelgeleri gurmakda alnyp barylýan döwletli tutumlar hem şu maksadyň rowaçlygyna gönükdirilendir. Munuň özi ýollarymyzda howpsuz, sazlaşykly hereketiň ýola goýulmagyny üpjün edýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň işjeň gatnaşmaklarynda geçirýän wagyz-nesihat çärelerimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýollarymyzyň asudalygy ugrunda giň gerimde alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekýäris. Döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýollarymyzda hereket howpsuzlygyny üpjün etmekde her birimiziň öňümizde durýan wezipeler barada giňişleýin durup geçýäris. Ýolda özüňi alyp barmagyň medeniýeti, pyýadadyr sürüjiniň sazlaşykly hereketiniň wajypdygy dogrusynda gürrüň edýäris. Şeýle düşündiriş işleri dürli ýaşdaky adamlarda, şol sanda ýaş nesillerde uly gyzyklanma döredýär. Munuň özi köçelerde seresaply hereket etmegi yzygiderli ündemegiň ýaş nesilleriň bu babatdaky düşünjelerini baýlaşdyrýandygyna, ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagyna ýardam berýändigine güwä geçýär. Halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda uly işleri alyp barýan Arkadag Prezidentimiziň adyna aýdylýan hoşallyk söz

Milli däp-dessurlarymyz — nesil terbiýesiniň gözbaşy

30-njy aprelde paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde «Hormatly Arkadag Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgesi — nesillere görelde» atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, pudaklaýyn düzümleriň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň özbek diline neşir edilmegi, iki goňşy ýurduň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli tagallasy netijesinde ösýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, bu ugurlar ýaşlaryň watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda geçirýän «Talyp joşguny — 2021» atly döredijilik festiwalynyň DÜZGÜNNAMASY

Berkarar döwletimiziň sene ýazgysy beýik başlangyçlaryň esasynda il-ýurt bähbitli işleriň durmuşa geçirilmegi, uly üstünlikleriň, ösüşleriň gazanylmagy bilen baýlaşýar. Milli Liderimiziň: «Medeniýet ýaş nesli milletiň gadymy ruhy däp-dessurlarynda terbiýelemek döwlet işiniň strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar» diýen taglymatlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda bu ulgamyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Milli medeniýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky döwlet derejesinde alnyp barylýan tutumly işler halkymyzyň, aýratyn hem, ýaş nesliň ata Watanymyza, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjyny artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň gadymy taryhyny we medeni mirasyny içgin öwrenmeklige uly ähmiýet berýär. Bularyň ählisiniň ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak uly ähmiýeti bardyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň joşgunly owazyny wasp etmek, halkymyzyň milli medeniýetiniň many-mazmunyny ýaş nesle öwretmek, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmak, talyp ýaşlaryň aýdym-saz we tans sungatynda, halk döredijiliginde zehin-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda

Atamyň pendi (Durmuş we biz)

Ata-enäniň pent-nesihatlary durmuşda gerekli sapaklaryň biri bolýan ekeni. Henizem bolsa, käte çaga terbiýesinde aljyran wagtym ýaşulularyň gyzyla gaplaýmaly dana maslahatlaryna mätäçligimi duýýaryn. Golaýda işe giden wagtym körpe oglum garagolluk edip, özünden uly doganyna duýdurmazdan, oýnamaga gidipdir. Bu habary eşiden dessime, oňa gaýdyp beýle ýagdaýy gaýtalamaz ýaly mazalyja temmi bermeli diýen netijä geldim. Gatyrak gaharlanyp, öteräk geçenimi hem bilmän galypdyryn. Kerim şahyryň diýşi ýaly: «Käýinsemem käýindim welin, ene ýüregim balam bilen bile aglady». Gynanýanymy bildirmejek bolup, şunça özümi asuda alyp barmaga çalyşsamam, ýüregim ýerinden çykaýjak boldy.