Watan söýgüsi mukaddesdir

5 Maý 2021
676

Düýn paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi. Dabara onuň esasy myhmanlary bilen birlikde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlarydyr talyp ýaşlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Dabarada uruş weteranlaryna, olaryň ýanýoldaşlarydyr tylda zähmet çekenlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bu ýerdäki baýramçylyk konserti hem dabara gatnaşanlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Biz hem dabarada bolup, uruş weterany, şeýle-de tylda zähmet çeken ildeşlerimiziň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirmegi makul bildik.