«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda geçirýän «Talyp joşguny — 2021» atly döredijilik festiwalynyň DÜZGÜNNAMASY

3 Maý 2021
837

Berkarar döwletimiziň sene ýazgysy beýik başlangyçlaryň esasynda il-ýurt bähbitli işleriň durmuşa geçirilmegi, uly üstünlikleriň, ösüşleriň gazanylmagy bilen baýlaşýar. Milli Liderimiziň: «Medeniýet ýaş nesli milletiň gadymy ruhy däp-dessurlarynda terbiýelemek döwlet işiniň strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar» diýen taglymatlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda bu ulgamyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Milli medeniýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky döwlet derejesinde alnyp barylýan tutumly işler halkymyzyň, aýratyn hem, ýaş nesliň ata Watanymyza, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjyny artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň gadymy taryhyny we medeni mirasyny içgin öwrenmeklige uly ähmiýet berýär. Bularyň ählisiniň ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak uly ähmiýeti bardyr.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň joşgunly owazyny wasp etmek, halkymyzyň milli medeniýetiniň many-mazmunyny ýaş nesle öwretmek, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmak, talyp ýaşlaryň aýdym-saz we tans sungatynda, halk döredijiliginde zehin-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda «Talyp joşguny — 2021» atly döredijilik festiwalyny yglan edýär.