ÝOLLARYMYZYŇ ASUDALYGY UGRUNDA

3 Maý 2021
963

Halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny gazanmak eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan ähli işleriň baş maksadydyr. Ýurdumyzyň ýol- -ulag düzümini döwrebaplaşdyrmakda, dünýä ülňülerine laýyk ýollardyr köprüleri, sowma ýollary, ýerasty we ýerüsti geçelgeleri gurmakda alnyp barylýan döwletli tutumlar hem şu maksadyň rowaçlygyna gönükdirilendir. Munuň özi ýollarymyzda howpsuz, sazlaşykly hereketiň ýola goýulmagyny üpjün edýär.

Saglygy goraýyş ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň işjeň gatnaşmaklarynda geçirýän wagyz-nesihat çärelerimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýollarymyzyň asudalygy ugrunda giň gerimde alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekýäris. Döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýollarymyzda hereket howpsuzlygyny üpjün etmekde her birimiziň öňümizde durýan wezipeler barada giňişleýin durup geçýäris. Ýolda özüňi alyp barmagyň medeniýeti, pyýadadyr sürüjiniň sazlaşykly hereketiniň wajypdygy dogrusynda gürrüň edýäris. Şeýle düşündiriş işleri dürli ýaşdaky adamlarda, şol sanda ýaş nesillerde uly gyzyklanma döredýär. Munuň özi köçelerde seresaply hereket etmegi yzygiderli ündemegiň ýaş nesilleriň bu babatdaky düşünjelerini baýlaşdyrýandygyna, ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagyna ýardam berýändigine güwä geçýär. Halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda uly işleri alyp barýan Arkadag Prezidentimiziň adyna aýdylýan hoşallyk sözleri geçirýän çärelerimizde hemişe joşgunly ýaňlanýar.

Söýün SARYÝEW,
Türkmenbaşy şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany.