Halk häkimiýetliliginiň täze nusgasy

5 Maý 2021
673

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni uly üstünliklere, belent sepgitlere beslenýär. Bagtyýar halkymyz Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy uly dabaralar bilen bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli taryhy wakalara şaýat bolýar. Şolaryň hatarynda durmuş-ykdysady, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli wakalaryň biri hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň döredilmegidir.

Döwlet dolandyryşyny we jemgyýeti kämilleşdirmäge gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriň çäklerinde iki palataly parlament ulgamyna geçilmegi ýurdumyzda halk häkimiýetiniň dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen durmuşa geçirilen bu özgertmeleriň düýp mazmuny döwlet bilen raýatyň arasyndaky özara baglanyşygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Häkimiýetiň wekilçilikli kanun çykaryjy edarasynyň işini döwrebaplaşdyrmak döwrüň öňe sürýän wezipelerinden we halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ugur alýar.

Döwran ALTYÝEW,
Daşoguz şäher kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.