Ýagşy edep — döwrümiziň ýaraşygy

5 Maý 2021
731

Il arasynda ýaşuly nesle aýratyn hormat goýulýar. Bu häsiýet ýyllaryň, asyrlaryň dowamynda kämilleşip, häzirki günlerde milli ýörelgä öwrülip, ýaş nesil üçin özboluşly mekdep bolup hyzmat edýär.

Halkymyz parasatly kişilere, her hili pursatlarda maslahat bermegi başarýan adamlara uly hormat bilen garaýar. Türkmen ýaşulusy diýen düşünje köküni gadymyýetden alyp gaýdýar. Bagtyýarlyga beslenen häzirki döwrümizde bu düşünjäniň many-mazmuny has çuňlaşdy. Berkarar ýurdumyzda il-ýurt bähbitli döwletli işleriň başy tutulanda ýaşululara sala salynýar. Bu babatda milli Liderimiziň göreldesi hemmämiz üçin nusgadyr.

Rahat MEREDKULOWA,
Döwletli etrabynyň Daşrabat oba medeniýet öýüniň müdiri.