"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Arkadagly ajap döwrüň zenanlary

Halkara zenanlar gününiň çuň mazmunly baýramçylyk çäreleri welaýatymyzda hem ähli üstünliklerimiziň gözbaşy bolup durýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanjak “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň bahar paslynyň ilkinji günlerinden badalga aldy. Joşgunly aýdym-sazlara beslenen baýramçylyk çärelerindäki buýsançly çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Arkadag Prezidentimiziň yglan eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň mährem zenanlarynyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda döredijilikli zähmet çekmekleri, mynasyp dynç almaklary, döwrümiziň beýik maksat-tutumlaryna mynasyp goşant goşmaklary, maşgala abadançylygyny gorap saklamaklary, mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekleri üçin zerur bolan ähli şert-mümkinçilikler döredilip, goldaw-hemaýatlar berilýär. Olaryň jemgyýetdäki mynasyp orny demokratiýanyň ählumumy ýörelgeleriniň ruhy däplerimiz bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy arkaly ýokarlandyrylýar. Zenanlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny kepillendirýän kadalar bolsa durmuş, maşgala, zähmet hem-de beýleki kanunçylyk namalarynda mynasyp beýanyny tapýar.

Maňa eneleriň hüwdüsin beriň!

Türkmen halkynyň şahyrana edebiýaty öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Halk döredijiligi — halkyň ýaşaýşyny, durmuşyny, ahwalyny süýji sözler, şirin owazlar bilen çuň mazmunda beýan edýän sungat. Medeni mirasymyzyň ajaýyp dürdäneleriniň biri hem ynsan balasynyň bu owadan dünýä gelende, ilkinji maýyl bolýan näzik owazy  mylaýym ene hüwdüsidir. Hüwdüler dünýä ýüzünde ýaşaýan halklaryň zenanlarynyň döreden kämil eseri hökmünde öz ähmiýetini ýitirmän saklap gelen, manysy, maksady, ähmiýeti taýdan bir-birine meňzeş bolan ýeke-täk sungat eseridir.

Parahat Diýarymyzyň göwher gaşy zenanlar

Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýat kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen dabaraly maslahat «Parahat Diýarymyzyň göwher gaşy zenanlar» diýlip atlandyryldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy, bimöçber aladasy bilen ata Watanymyz ösüşiň belentliklerine tarap bedew bady bilen barýar. ªol ösüşlere zenanlar hem saldamly goşantlaryny goşýarlar. Olaryň jemgyýetde tutýan ornuna ýokary baha berilýär. Maslahatyň dowamynda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Zeminiň göwher gaşyna deňelýän zenanlarymyza aýratyn hormat-sarpa goýýan eziz Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy. Ýerli şahyrlaryň okan goşgularynda eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan her bir işiň diňe halkyň bähbidine gönükdirilip, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarymyzyň has-da dabaralanýandygynyň, ene hormatynyň, zenan sarpasynyň belende galýandygynyň, Halkara zenanlar gününiň waspy öz beýanyny tapdy.

Zenan dünýäsi

Baharda açylan bägüle meňzäp,Gelýär assa basyp türkmen gözeli.Şahyrlar joşýarlar waspyňy eýläp,Bagyşlaýar saňa goşgy-gazaly. Üýtgeşik bir dünýä zenanyň kalby,Zemini mähirden dolduryp bilýär.Güllere beslenen ajap sähra dek,Gözellikden kalbyň gandyryp bilýär.

Bereketli türkmen saçagy

Pişme Un, suw, şeker, azrak hamyrmaýa, duz goşup, hamyr ýugurmaly. Ýarym, bir sagat geçenden soň, hamyry 1-1,5 santimetr galyňlykda ýaýmaly we 2,5-3 santimetr möçberde pişme görnüşinde kesişdirmeli. Hamyr böleklerini gyzgyn ýagda bişirmeli. Saçaga äberilende üstüne şeker sepilýär.

Özgertmeler maksatnamasy durnukly we netijeli häsiýete eýe bolmalydyr

5-nji mart­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da şu ýy­lyň ge­çen iki aýyn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ryn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri jem­le­nil­di, içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­tyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy. Şol me­se­le­le­riň çö­zül­me­gi bol­sa hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry­na söz ber­di. Wi­se-prem­ýer­ler 2021-nji ýy­lyň ýan­war-few­ral aý­la­ryn­da öz gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­gam­la­ryn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­jeleri we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­bar ber­di­ler. Ha­sa­bat­la­ryň çäk­le­rin­de şu ýy­lyň ýan­war-few­ral aý­la­ry­nyň mak­ro­yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri, baý­ram­çy­lyk­la­ra, şan­ly se­ne­le­re hem-de me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň açy­ly­şy­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri, oba ho­ja­ly­gyn­da öz­gert­me­le­riň ge­çi­ri­li­şi ba­ra­da aý­dyl­dy.

Türk­me­na­bat­da jaý to­ýy tu­tul­dy

ol Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­lar bi­len ut­gaş­dy Türk­men ilin­de mäh­rem ene­le­re, gyz-ge­lin­le­re be­lent hor­mat-sar­pa go­ýul­ýar. Her ýy­lyň ba­har pas­ly­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de, te­bi­gat gaý­ta­dan jan­la­nyp, säh­ra-çöl­le­ri­miz, dag-düz­le­ri­miz gö­zel keş­be gi­ren ça­gyn­da ola­ryň şa­ny­na ulu­dan toý tu­tul­ýar. «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly­nyň bu ba­ha­ryn­da-da Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni my­na­sy­bet­li tu­tu­lan toý-da­ba­ra­la­ryň şat­lyk-şow­hu­ny alys­la­ra ýaň sal­dy. Ýaň­la­nan şi­rin mu­kam­lar, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len joş­gun­ly tans­lar, aý­dy­lan gut­lag söz­le­ri Ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de ze­nan mer­te­be­si­niň ne­neň­si be­len­de gö­te­ri­len­di­gi­ni äş­gär et­di. Her toý-baý­ram my­na­sy­bet­li ulus-ili­mi­ziň bäh­bi­di­ne hyz­mat et­jek me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ry ulan­ma­ga tab­şyr­mak ýur­du­my­zyň çar kün­je­gin­de bol­şy ýa­ly, bi­ziň we­la­ýa­ty­myz­da-da asyl­ly dä­be öw­rül­di. Yn­ha, baý­ram­çy­ly­gyň do­wam ed­ýän gün­le­rin­de Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň «Ba­har» et­rap­ça­syn­da şeý­le da­ba­ra bol­dy.

Enelere belent hormatyň nyşany

Bagtyýarlyk döwrümizde zenanlara goýulýan sarpa barha belende göterilýär. Hormatly Prezidentimiz olary, ilkinji nobatda bolsa mukaddes Käbä deňelýän eneleri sarpalamagyň belent nusgasyny görkezip, ak ýürekden çykýan alkyşlara mynasyp bolýar. Sekiz we şondan köp çagany kemala getiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy olara goýulýan belent sarpanyň ajaýyp mysalydyr. Arkadag Prezidentimiziň Permany bilen bagtyýar eneleriň uly toparyna şu ýyl hem bu hormatly at dakyldy. Olaryň arasynda lebaply zenanlaryň hem 26-sy bar. Welaýat häkimliginde bagtyýar enelere hormatly adyň nyşany we milli Liderimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabara hormatly adyň eýelerinden başga-da welaýatymyzyň işjeň zenanlarynyň birnäçesi gatnaşdy. Bu ýerde edilen çykyşlarda hem nygtalyşy ýaly, türkmen eneleri dünýäde iň bagtly zenanlardyr. Perzendi ösdürip, kemala getirmekde döwletimiz tarapyndan ähli goldawlary alýan enelerimiz döwlet Baştutanymyzyň adyna alkyş aýdýarlar.

Täzelikler

Welaýatymyzda gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek üçin taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ekişde ulanyljak tehnikalaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynyň zähmet adamlary hem netijeli işleri durmuşa geçirýärler. Şu günlerde zawodda ekişde ulanyljak dürli kysymly tehnikalaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň we ekiş gurallarynyň ýüzden hem gowrak görnüşi taýýarlanyldy. Ätiýaçlyk şaýlary abatlamak we täzeden ýasamak boýunça buýurmalaryň uly topary öz wagtynda ýerine ýetirilip, önümler buýrujylara iberildi. Şoňa laýyklykda ýylyň başky iki aýynda meýilleşdirilen 176 müň 60 manatlyga derek 396 müň 80 manatlyk möçberdäki işler ýokary hilli ýerine ýetirildi. Şu ýylyň dowamynda zawodyň hünärmenleri 1 million 68 müň manatlyk möçberdäki işi ýerine ýetirmegi meýilleşdirdiler. Geçen ýylda bu ýerde 1 million 870 müň manatlygyň ýerine 2 million 382 müň manatlyk möçberdäki işleriň edilendiginden, şeýle hem şu ýylyň ilkinji aýlarynda edilen işleriň jeminden çen tutsaň, bu ýyl hem görkezijileriň has tapawutly boljakdygy mese-mälim duýulýar. Zawodyň önümçilik sehlerinde peýdalanylýan innowasion tehnologiýalar işleriň hiline we möhletine oňyn täsirini ýetirýär.* * *Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň we welaýat Adalat bölüminiň bilelikde guramaklarynda ýurdumyzyň ýaşlaryny millilik we watançylyk, a

Buý­san­ja bes­len­ýän wa­ka­lar

Ýyl­la­ry bir-bi­rin­den zy­ýa­da gel­ýän ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de her gü­nü­miz şat­lyk­ly wa­ka­la­ra, toý­dur baý­ram­la­ra bes­len­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da 2021-nji ýy­lyň «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da şat­lyk­ly wa­ka bol­dy. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk baý­ra­my bel­le­nil­jek ýy­lyň şeý­le at­lan­dy­ryl­ma­gy türk­men hal­ky­nyň pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji­lik we yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri­ni has-da da­ba­ra­lan­dyr­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Pa­ra­hat­çy­lyk, yna­nyş­mak, bi­rek-bi­re­gi gol­da­mak, dost-do­gan­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk türk­men hal­ky­nyň ata-ba­ba asyl­ly ýol-ýö­rel­ge­si­dir. Şol ýol-ýö­rel­ge­ler bu gün­ki gün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da my­na­syp de­re­je­de do­wam et­di­ril­ýär. Mu­ny mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz ta­ra­pyn­dan goň­şy Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na yzy­gi­der­li be­ril­ýän yn­san­per­wer kö­mek-gol­daw­lar hem su­but ed­ýär. Mu­nuň özi pa­ra­hat­çy­lyk­dö­re­di­ji ýurt hök­mün­de yk­rar edi­len ata Wa­ta­ny­my­zyň se­bit­de we dün­ýä­de eýe­le­ýän or­nu­nyň, at-ab­ra­ýy­nyň bar­ha

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni my­na­sy­bet­li Ga­raş­syz, he­mi­şelik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ene­le­ri­ne, ge­lin-gyz­la­ry­na Gutlag haty bilen ýüzlendi. Onda:«Si­zi gö­zel­li­gi we aja­ýyp­ly­gy bi­len yn­san kal­by­na yl­ham hem-de joş­gun paý­la­ýan ba­har pas­lyn­da giň­den bel­le­nil­ýän Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn! «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly­nyň ba­har pas­ly­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de bu aja­ýyp hal­ka­ra baý­ra­my­ň şa­ny­na ge­çi­ril­jek da­ba­ra­la­ryň, me­de­ni-jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­le­ri­niň mäh­ri­ban ene­le­ri­mi­ziň, eziz uýa­la­ry­my­zyň, ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň kal­byn­da ýa­kym­ly duý­gu­la­ry dö­ret­jek­di­gi­ne berk ynan­ýa­ryn!» diýlip nygtalýar.* * *6-njy martda Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Mew­lüt Ça­wu­şog­lu­ny ka­bul et­di.

Maşgala bagty

Tebigatyň gelşigi gül bolsa, ynsanyýetiň ýaraşygy gelin-gyzlardyr. Adamzadyň ýaşaýşynyň dowamat-dowam bolmagynyň sebäpkäri hasaplanylýan zenanlar Güneşiň nury kimin maşgala ojagyny hemişe mähir bilen çoýýarlar. Biz olary pasyllaryň soltany bahara deňeýäris. Çünki eneler hem tebigat kimin döredijidir, bahar kimin mylaýymdyr, mähremdir, durmuşymyzyň many-mazmunydyr. Şonuň üçin hem ene barada, zenan mähribanlygy barada söhbet etmek kalbyňa iňňän ýakymly duýgulary eçilýär. Ýurdumyzda her ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem baharyň ilkinji günlerinde bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren mährem eneleriň uly topary Gahryman Arkadagymyzyň Permany bilen Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp boldy. Olaryň hatarynda lebaply eneleriň birnäçesiniň bolmagy bizi diýseň begendirýär. Bagtyýar eneleriň biri hem Döwletli etrabynyň ýaşaýjysy Kurbanaý Jumaýewadyr. Bu şatlykly günde balalarynyň bagtyna guwanýan, döşüne döwlet nyşanyny dakynan mähriban enäniň ajaýyp döwrümize bolan guwanjy hiç zat bilen deňär ýaly däl. Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly başlangyçlary esasynda bu maşgala ähli amatlylyklary bolan döwrebap öýüň açary hem gowşuryldy. Täze öýüň eýeleri şu mynasybetli uludan toý tutdular. Biz hem olaryň döwletli maşgalasynda myhmançylykda bolduk.

Möhüm syýasy çärä taýýarlykly barylýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlarynyň netijesinde Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny kämilleşdirmek, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, häkimiýet edaralarynyň ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlary ählihalk goldawyna we makullanmasyna eýe boldy. Geçirilen konstitusion özgertmeler biziň demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň esaslaryny pugtalandyrmaga, Türkmenistanda iri möçberli ykdysady özgertmeleriň hem-de durmuş ugurly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.

Mukaddesdir ene sarpasy

Halkara zenanlar güni mynasybetli, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy. Hormatly ada mynasyp bolan bagtyýar enelerimiziň käbirleriniň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Maral ANNAKOWA,Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabyndan öý hojalykçy:

Ajap eýýamyň ak şäheri

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ata Watanymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny, şeýle hem paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny täze zähmet üstünlikleri, bitirilen beýik işler bilen mynasyp garşylamak üçin uludan taýýarlyk görülýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde merjen şäherimizde şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalary esasynda köpsanly ýaşaýyş toplumlarynyň, jemgyýetçilik-medeni desgalarynyň gurluşyk işleri üstünlikli durmuşa geçirildi, döwrebap binalaryň ençemesi halkymyzyň hyzmatyna berildi. Paýtagtymyzyň nurana keşbini mundan beýläk hem kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler netijesinde Aşgabat bu gün dünýäniň iň ösen we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň hatarynda orun aldy. Golaýda milli Liderimiz Aşgabat şäher häkimligine baryp, paýtagtymyzy ösdürmegiň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy. Olaryň arasynda paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda «Altyn kölüň» kenarynda ýerleşjek döwrebap kottejler toplumynyň we beýleki ençeme taslamalaryň bolmagy aýratyn guwandyryjydyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalar toplumynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Şolary

Ene kalbynyň sesi

Halkara zenanlar güni ýurdumyzyň dürli künjeklerinde uly dabara beslenip bellenip geçildi. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda türkmen zenanlaryna uly hormat, sarpa goýulýar. Gelin-gyzlarymyzyň ýurdumyzyň dürli ugurlarynda zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşli menzillerine mynasyp goşant goşmaklaryna ähli mümkinçilikler döredilýär.Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren zenanlara «Ene mähri» diýen hormatly atlaryň dakylmagy bilen bagly olaryň nyşanlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu dabaranyň döwlet derejesinde paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda geçirilmegi mähriban enelerimize goýulýan hormatdan nyşan bolup durýar. Biz hem «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe bolan zenanlarymyzyň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Annagözel ÖWEZMYRADOWA,Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň ýaşaýjysy, «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýesi:

Taryhy Karara gol çekildi

5-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, içeri we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada, şeýle hem oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi, ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Mertebesi belent tutulýar

Etrek etrap bilim bölümi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap geňeşi bilen bilelikde 7-nji çagalar bagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Maşgalanyň edebi — öý-ojagyň sarpasy» ady bilen wagyz-nesihat çäresini guradyk. Onda çykyş edenler eziz Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda zenanlara belent hormat-sarpa goýulýandygy, olara durmuşda ähli ýeňillikleriň döredilýändigi, nesil terbiýesinde zenanlaryň orny, olaryň ata Watanymyzyň ösüşlerine goşýan mynasyp goşandy barada buýsançly gürrüň etdiler. Çärä gatnaşyjylar zenanlaryň mertebesini belentde goýýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, halk bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Watan goragçylaryna sarpa

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy. Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň hasabatlaryny diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen baglylykda işlenip taýýarlanylandygyny we yzygiderli amala aşyrylýandygyny aýratyn belledi.

Saglyk ýörelgesi — durmuş kadasy

Sagdyn jemgyýet öz köküni sagdyn maşgaladan alyp gaýdýar. Şu ýörelgäni wagyz etmek maksady bilen Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramaklarynda «Sagdyn maşgala ― sagdyn nesil» atly telebäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik uly ruhubelentlige beslenip, onuň esasy aýratynlygy 8 we şondan köp çagaly maşgalalaryň gatnaşmaklaryndan ybarat boldy. Olar sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşdylar. Bäsleşige gatnaşan her bir maşgala agzasy ezberligini, çalasynlygyny ähli ugurlarda işjeň ýagdaýda görkezdi. Ýaryş diýseň şowhunly, gyzykly boldy. Çünki oňa gatnaşan bäsdeşler sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýändiklerini, sport bilen yzygiderli meşgullanýandyklaryny görkezdiler. Çekeleşikli geçen ýaryşda Halaç etrabynyň Baý geňeşliginde ýaşaýan Agajan Söýegowdyr Almagül Tuýgunowanyň bagtyýar maşgalasy bäsdeşlerinden saýlanmagy başardy. Olar sportuň dürli görnüşlerinde öz ezberliklerini görkezmegi başardylar. Ýaryşyň ýeňijisi Agajan aga maşgalasynyň şatlykly pursatlaryny biziň bilen paýlaşdy: