Maňa eneleriň hüwdüsin beriň!

9 Mart 2021
878

Türkmen halkynyň şahyrana edebiýaty öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Halk döredijiligi — halkyň ýaşaýşyny, durmuşyny, ahwalyny süýji sözler, şirin owazlar bilen çuň mazmunda beýan edýän sungat. Medeni mirasymyzyň ajaýyp dürdäneleriniň biri hem ynsan balasynyň bu owadan dünýä gelende, ilkinji maýyl bolýan näzik owazy  mylaýym ene hüwdüsidir.

Hüwdüler dünýä ýüzünde ýaşaýan halklaryň zenanlarynyň döreden kämil eseri hökmünde öz ähmiýetini ýitirmän saklap gelen, manysy, maksady, ähmiýeti taýdan bir-birine meňzeş bolan ýeke-täk sungat eseridir.

Amanbibi ORAZGELDIÝEWA,
welaýat kitaphanasynyň kitap saklamak bölüminiň müdiri.