Täzelikler

8 Mart 2021
775

Welaýatymyzda gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek üçin taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ekişde ulanyljak tehnikalaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynyň zähmet adamlary hem netijeli işleri durmuşa geçirýärler.

Şu günlerde zawodda ekişde ulanyljak dürli kysymly tehnikalaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň we ekiş gurallarynyň ýüzden hem gowrak görnüşi taýýarlanyldy. Ätiýaçlyk şaýlary abatlamak we täzeden ýasamak boýunça buýurmalaryň uly topary öz wagtynda ýerine ýetirilip, önümler buýrujylara iberildi. Şoňa laýyklykda ýylyň başky iki aýynda meýilleşdirilen 176 müň 60 manatlyga derek 396 müň 80 manatlyk möçberdäki işler ýokary hilli ýerine ýetirildi. Şu ýylyň dowamynda zawodyň hünärmenleri 1 million 68 müň manatlyk möçberdäki işi ýerine ýetirmegi meýilleşdirdiler. Geçen ýylda bu ýerde 1 million 870 müň manatlygyň ýerine 2 million 382 müň manatlyk möçberdäki işleriň edilendiginden, şeýle hem şu ýylyň ilkinji aýlarynda edilen işleriň jeminden çen tutsaň, bu ýyl hem görkezijileriň has tapawutly boljakdygy mese-mälim duýulýar. Zawodyň önümçilik sehlerinde peýdalanylýan innowasion tehnologiýalar işleriň hiline we möhletine oňyn täsirini ýetirýär.
* * *
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň we welaýat Adalat bölüminiň bilelikde guramaklarynda ýurdumyzyň ýaşlaryny millilik we watançylyk, ahlaklylyk we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemäge bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi.