Maşgala bagty

8 Mart 2021
831

Tebigatyň gelşigi gül bolsa, ynsanyýetiň ýaraşygy gelin-gyzlardyr. Adamzadyň ýaşaýşynyň dowamat-dowam bolmagynyň sebäpkäri hasaplanylýan zenanlar Güneşiň nury kimin maşgala ojagyny hemişe mähir bilen çoýýarlar. Biz olary pasyllaryň soltany bahara deňeýäris. Çünki eneler hem tebigat kimin döredijidir, bahar kimin mylaýymdyr, mähremdir, durmuşymyzyň many-mazmunydyr. Şonuň üçin hem ene barada, zenan mähribanlygy barada söhbet etmek kalbyňa iňňän ýakymly duýgulary eçilýär.

Ýurdumyzda her ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem baharyň ilkinji günlerinde bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren mährem eneleriň uly topary Gahryman Arkadagymyzyň Permany bilen Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp boldy. Olaryň hatarynda lebaply eneleriň birnäçesiniň bolmagy bizi diýseň begendirýär. Bagtyýar eneleriň biri hem Döwletli etrabynyň ýaşaýjysy Kurbanaý Jumaýewadyr. Bu şatlykly günde balalarynyň bagtyna guwanýan, döşüne döwlet nyşanyny dakynan mähriban enäniň ajaýyp döwrümize bolan guwanjy hiç zat bilen deňär ýaly däl. Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly başlangyçlary esasynda bu maşgala ähli amatlylyklary bolan döwrebap öýüň açary hem gowşuryldy. Täze öýüň eýeleri şu mynasybetli uludan toý tutdular. Biz hem olaryň döwletli maşgalasynda myhmançylykda bolduk.

Eneş JORAÝEWA,
ýörite habarçymyz.