Ýyllary bir-birinden zyýada gelýän ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde her günümiz şatlykly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Milli Liderimiziň asylly başlangyçlary esasynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň durmuşynda şatlykly waka boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy belleniljek ýylyň şeýle atlandyrylmagy türkmen halkynyň parahatçylyksöýüjilik we ynanyşmak ýörelgelerini has-da dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Parahatçylyk, ynanyşmak, birek-biregi goldamak, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk türkmen halkynyň ata-baba asylly ýol-ýörelgesidir. Şol ýol-ýörelgeler bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp derejede dowam etdirilýär. Muny milli Liderimiziň parasatly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyz tarapyndan goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna yzygiderli berilýän ynsanperwer kömek-goldawlar hem subut edýär. Munuň özi parahatçylykdörediji ýurt hökmünde ykrar edilen ata Watanymyzyň sebitde we dünýäde eýeleýän ornunyň, at-abraýynyň barha belende galýandygyny görkezýär.