Ene kalbynyň sesi

8 Mart 2021
771

Halkara zenanlar güni ýurdumyzyň dürli künjeklerinde uly dabara beslenip bellenip geçildi. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda türkmen zenanlaryna uly hormat, sarpa goýulýar. Gelin-gyzlarymyzyň ýurdumyzyň dürli ugurlarynda zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşli menzillerine mynasyp goşant goşmaklaryna ähli mümkinçilikler döredilýär.
Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren zenanlara «Ene mähri» diýen hormatly atlaryň dakylmagy bilen bagly olaryň nyşanlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu dabaranyň döwlet derejesinde paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda geçirilmegi mähriban enelerimize goýulýan hormatdan nyşan bolup durýar. Biz hem «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe bolan zenanlarymyzyň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Annagözel ÖWEZMYRADOWA,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň ýaşaýjysy, «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýesi:

Şaperi OTUZOWA,
öz habarçymyz.