"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Dür sözli dana

Söz adamzat durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Biz birek-birek bilen söz arkaly düşünişýäris. Hut şu jähetden halkymyz ähli döwürlerde-de söze uly üns beripdir. Manysy dür saçýan sözlere hany-manyny gaýgyrmandyr. Görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasyndaky Welmyrat aganyň maşgalasyny ekläp oturan guba düýesini Magtymgulynyň kitabyna çalyşmagy halkymyzyň söze, kitaba hormatynyň çäksizdigini aýan edýär. Il-günümiz parasatdan ýüki ýetik kitaplary öwran-öwran okap, aýawly saklapdyr. Söz ussady Magtymguly Pyragynyň kämil öwüt-ündewli, pikir-garaýyşly şygyrlaryny adamlar diliniň senasyna, bagşy-sazandalar bolsa aýdym-saza öwrüpdir. Ussadyň şygyrlary halkyň dilinde, aýdym-sazda ýaşap, häzirki döwrümize gelip ýetipdir. Şahyryň öwüde ýugrulan goşgularyna döredilen aýdymlar edep-terbiýe mekdebi bolup, ýagşy gylyk-häsiýetli adamlaryň durmuşyň bezegidigini açyp görkezýär.

Aman Gulmämmedowa

Magtymguly bolup uruş ýyllary,Adamlara beripdiň sen teselli.Pähimli sözleriň ganat beripdi,Açylypdy dert ulaşan keselli. Magtymguly bolup ilkinji gezek,Döredipdiň taýsyz keşbi sahnada.Adamlar diýipdi saňa «maşalla»,Deňäpdiler sen ussady mähnede.

Babamyň wesýeti

(Bolan waka) Tomus aýlarydy, ejem babamlara görme-görşe gitmek üçin işinden rugsat alandygyny, meni hem ýany bilen alyp gitjekdigini aýtdy. Men bu habara guş bolup uçdum. Arzuwym demir ýol ulagyna münüp, daş-töweregi synlap, uzak ýola gitmekdi. Gitjek günümize sabyrsyzlyk bilen garaşdym. Ahyry şol günem gelip ýetdi. Ejem ikimiz demir ýol menzilinden demir ýol ulagyna mündük. Biraz wagtdan demir ýol ulagy tizligini kem-kemden çaltlandyryp, gündogara tarap ýola düşdi. Daş-töweregi synlap barşyma, bir tarapdan, bu ýoluň hiç gutarman giderini isleýänem bolsam, şol bir wagtda çaltrak babamlara ýetesim gelýärdi. Sebäbi babamlaryň dürli ir-iýmişden doly bag-bakjaly uly howlusy bardy. Şol baglaryň üstüne münüp, özüm ýaly çagalar bilen uly şowhun bolup oýnamagyň lezzeti bardy.

Towuk we tilki

(Türkmen halk ertekisi) Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanda bir garry mamanyň her gün altyn ýumurtga berýän akyllyja towugy bar eken. Günlerde bir gün ol towugyň keteginiň agzynda bir aç tilki peýda bolupdyr-da, dişlerini gyjyrdadypdyr. Towuk aljyraman, ketegiň agzyndaky agajyň üstüne uçup çykyp, tilkä ýüzlenipdir:

Magtymguly Pyragy sungat sazlaşygynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýä derejesinde öwrenilýär. Munuň özi türkmeniň nusgawy edebiýatyna, medeniýetine dünýä halklary tarapyndan goýulýan sarpanyň, hormatyň nyşanydyr. Türkmen edebiýatynyň şeýle derejelere göterilýän döwründe dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň halyda orun alan keşbi barada söhbet etmek has-da ýakymlydyr.

«Süleýmanyň tagtyndan sözläp, habar berdigim»

Pähim-paýhas ummanyna deňelýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde halkymyzyň aňyna ornan nakyllar, däp-dessurlar, urp-adatlar bilen birlikde, tutuş Gündogarda meşhur bolan rowaýatlar hem örän täsirli derejede öz beýanyny tapýar. Rowaýatlarda ady agzalan şahsyýetler, ýerler, ýurtlar, beýan edilýän wakalaryň esaslary okyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Magtymguly atamyzyň «Içinde» atly şygryndaky:

Dessanyny öz iline bagyş eden

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Özünden soňkulara bahasyz edebi miras goýan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň arasynda aksakgalyň hyzmatyny bitirip gelýär. Onuň pähim-paýhasdan pürepür goşgulary, wagt näçe geçse geçibersin, asla könelmän, tersine, edil göwher ýaly lowurdaýar.

Zyýarat

(Hekaýa)«Adyň dünýä doldy, dana Pyragy» atly bäsleşige Magtymguly ukudan oýananda, daň saz berip, tilkiguýruk boluberipdi. Ol jana şypa beriji mylaýym daň şemalyna maýyl bolup oturyşyna asmana gözlerini dikip, oýlara gark boldy.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Akyldaryň goşgularynda enäniň waspy Zenanlar maşgala ojagynyň söýegi, mukaddes öýlerimiziň ajaýyp bezegi, ýaraşygy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Siz biziň gözlerimiziň röwşeni, öý-ojaklarymyzyň mähri, kalbymyzyň kuwwaty hem nurusyňyz, siziň asyllylygyňyz, edep-ekramyňyz öý-ojaga, ulus-ile rysgal-döwlet getirýän gudratdyr» diýmek bilen, ýurdumyzda zenanlara hormatyň çäksizdigini nygtaýar. Dürli ugurlar bilen birlikde gelin-gyzlaryň waspy hem türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň paýhas ummanynda uly orun tutýar. Ol:

«Magtymguly Pyragy — şygryýetiň ussady» atly bäsleşige

Şygryýetiň ussady Magtymguly Pyragy Asyr-asyr aşyp gelip, dünýä ýalkymy düşmüş,Şygryýetiň ussady — Magtymguly Pyragy. Döwri hem kalby hakda guş tilinde söýlemiş,Şygryýetiň ussady — Magtymguly Pyragy.

Maddy we ruhy medeniýetiň ajaýyp sazlaşygy

Älemi şygyrlary bilen bendi eden Magtymguly Pyragynyň döredijilik örüsi örän giňligi hem-de çuňlugy bilen hemmäni haýrana goýýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda çawy dünýä dolan eziz Diýarymyzda şu ýyl akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede toýlanylýar. Goşalanyp gelýän toý-dabaralar ýazdan zyýat ülkämiziň çar ýanynda giň gerime eýe bolýar. Gadymy Änewiň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» derejesine eýe bolmagy bilen bagly geçirilýän dabaralar bilen utgaşyp gelen şanly ýylymyz döredijiligiň, ylham-joşgunyň ýyly bolup, köňüllere ebedilik nur saçýar. Döwlet Baştutanymyzyň gadymy şäheriň şöhratly taryhyna bagyşlanan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň köňüllere dolmagynda, älem içre aýdym bolmagynda hem çuňňur many bardyr. Hormatly Prezidentimiziň zyýada zehininden joşup çykan köňül kitabyndaky parasatly pikirler kalbyňda Watanyň baý geçmiş taryhyna, ýurduň beýik ösüşlerine bolan buýsanjyňy artdyrýar. Onda akyldar şahyrymyzyň döredijilik mirasy bilen bagly getirilýän maglumatlar has-da täsirli. Kitapda: «Änew dünýäniň maddy medeniýetiniň möhüm sahypasy bolsa, Magtymguly Pyragy dünýäniň ruhy medeniýetiniň ösüşine goşandyny goşan şahyrdyr. Magtymguly Pyragynyň şahsyýet belentligi şahyr diýlen umumy düşünjäniň çäginden has ýokarydyr» diýlip, bellenip geçilýär. Hormatly Prezidentimiz Änewiň şöhratly taryhy

Söz ussady we dünýä alymlary

Türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan milli mirasy, edebiýaty, medeniýeti we sungaty dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Her bir ynsany, tutuş adamzady ruhy kämillige çagyrýan ajaýyp eserleri bilen diňe öz halkynyň däl, eýsem, beýleki halklaryň hem belent sarpasyna mynasyp bolan Magtymguly Pyragynyň Watana, ynsana, tebigata, adamzat durmuşyna belent söýginiň aýdymy bolup, halkyň ýürek töründe baky orun alan, pähim-paýhasa ýugrulan şahyrana-pelsepewi edebi mirasy her bir türkmeniň dilinde, kalbynda aýdym bolup ýaňlanýar we dünýäde meşhurlyga eýe bolýar. Akyldar şahyryň edebi mirasyny düýpli öwrenen we edebi döredijilikde özüne nusga, halypa saýanlaryň biri hem iňlis ýazyjysy we şahyry Braýan Oldiss hasaplanýar. Dünýä edebiýatynda meşhurlyga eýe bolmagy başaran Braýan Oldiss dünýäniň boluş-gelşinden habarly, jemgyýetiň, durmuşyň, adamlaryň ýagşy-ýamanyna düşünýän, adamzadyň gazanan dünýewi we ylahy ylymlaryny çuňňur özleşdiren, taplanmagyň ruhy basgançaklaryny geçen Magtymgulynyň döredijilik pelsepesine uly hormat goýýandygyny öz makalalarynda we söhbetdeşliklerinde nygtaýar. Onuň «Orta Aziýa çöllerinden aşan aýdymlar» atly kitaby Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň 40-a golaýynyň terjimesini özünde jemleýär. Braýan Oldiss: «Magtymguly dünýäniň dört künji, Ýer togalagynyň ähli emer-damary hakynda pikir ýöredip bilen örän üýtgeşik ynsandyr. Men he

«Beýik Pyragynyň arzuw eden ajap eýýamy» atly bäsleşige

Ömür saly artar alkyş alanyň Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet, agzybirlik, adalatlylyk, erkinlik, ynsap, päklik ýaly umumadamzat bähbitli pelsepewi garaýyşlary Esasy Kanunymyzda — Türkmenistanyň Konstitusiýasynda öz mynasyp ornuny tapýar. Akyldar şahyryň arzuw eden berkarar döwletinde ýaşamak, gurmak, döretmek bagtyna eýe bolan nesillerimiz Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarlar. Akyldar şahyrymyzyň adynyň uludan-kiçä hemmeleriň diliniň senasyna öwrülmegini gazanmak we ony geljek nesillere ýetirmek her birimiz üçin parz işleriň biridir.

Söz manysy

Teşnaw Edebi dilimizde suw içesi gelýän, suwsan, tebsirän ýaly manylary aňladýan «teşne» sözüniň islegi, höwesi bolan, muşdak, maýyl, bir zadyň ýesiri diýen göçme manylarynyň bardygyny sözlükler tassyklaýar. Köne türkmen dilinde teşne, teşnelik manysynda «suwsun» sözi ulanylypdyr, «teşne» diýen pars sözi edebi dilimize soň-soňlar giripdir. XIX asyrda ýaşap geçen Ýazmyrat şahyryň döredijiliginde:

Dürdäneler düwünçeginden

Halk arasynda aýdylýan şeýle dana söz bar: «Imanyň bezegi ylymdyr. Ylmyň bezegi amaldyr. Amalyň bezegi bolsa ýagşy we ýumşak häsiýetlilikdir. Ylymly adamyň ýumşak häsiýetli bolmagy iň ajaýyp zatdyr». * * *

Ruhy hazyna

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň röwşen ýolunda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygy täze taryhymyzyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Milli baýlyklarymyzyň aýrylmaz bölegi bolan, türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujy, görnükli şahrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy belentden tutulýar. Türkmen halkynyň durmuş pelsepesi, däp-dessurlary, agzybirlik baradaky arzuwlary akyldar şahyrymyzyň şygyrlarynda öz beýanyny tapýar. Beýik şahyr türkmen edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi ugry esaslandyrdy. Magtymguly Pyragynyň şygryýet hazynasy nesiller üçin görelde mekdebi bolup durýar. Beýik şahyryň Watan we watansöýüjilik hakyndaky goşgulary ýaşlaryň edep-terbiýesinde uly orun tutýar. Magtymguly Pyragynyň eserleri türkmen diliniň kämilleşmeginde hem uly ähmiýete eýe bolupdyr. Ata-babalarymyz Pyragynyň goşgularyny köpçülikde, toý-tomaşada gazal, aýdym hökmünde aýdyp, nesilden-nesle geçirip gelipdirler. Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli goşgularyndan, atalaryň päk zähmetinden, eneleriň mähir-mylakatyndan görelde alýan nesiller bu günki gün watansöýer, päk ahlakly, belent adamkärçilikli, kämil hünärli, ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişýärler.

Jahana ýaň salýar adyň, pyragy!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde mähriban halkymyzyň ruhy hazynasy dünýäde giňden dabaralanýar. Biz ata-babalarymyzyň ýaşaýyş derejesini, milli medeniýetimiziň beýik ösüşlerini köp babatda ýazyjy-şahyrlarymyzyň, taryhçylaryň, suratkeşleriň döreden eserleriniň üsti bilen bilýäris, öwrenýäris. Bu bolsa ata-babalarymyza bolan söýgimizi, buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgulary indi üç asyra golaý wagt bäri halkymyzyň kalbynda ýaşaýar. Özüniň çuňňur pähim-paýhasa eýlenen goşgulary bilen mähriban halkymyzy watansöýüjilige, agzybirlige, jebislige ruhlandyran dana Pyragyny bu gün bütin dünýä tanaýar. Hormatly Prezidentimiz «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip belleýär.

Tymsallar

Ýarganat Has gadymy zamanda haýwanlar bilen guşlaryň arasynda jedel döräpdir. Ýarganat jedelde haýsysynyň üstün çykjagyna garaşyp, olaryň hiç birine goşulmandyr.

Ajap döwür

Galkynyş zamany — ajaýyp döwrüm,Ykballar göterlip, güllän ýyllary.Barha juwanlaşyp gojalan ömrüň,Juwanlar deý söýüp, söýlen ýyllary. Hakykata dönüp hyýal-düýşleriň,Birleşmesi gujur-gaýrat, güýçleriň,Rowaçlanyp il bähbitli işleriň,Bir beýik maksada uýlan ýyllary.

Üýtgeşik dünýä

Heniz orta mekdepde okaýan uçurlarymyz iňlis dilinden «university» (uniwersitet) we «universe» (dünýä) sözlerini öwrenenimizde iki sözüň biri-birine kybapdaşdygy meni kän pikirlendiripdi. Pikirlene-pikirlene, teý-ahyr ýyllar geçensoň, netije çykardym. Ol ynsan ömrüniň iň gözel ýatlamalardan doly talyplyk ýyllaryny özünde jemleýän täsin bir dünýä eken. «Uniwersitet» we «dünýä» diýen sözleriň iňlis dilinde biri-birine çalymdaşdygy-da şu sebäpdendir, belki?! * * *