Babamyň wesýeti

19 Iýun 2024
333

(Bolan waka)

Tomus aýlarydy, ejem babamlara görme-görşe gitmek üçin işinden rugsat alandygyny, meni hem ýany bilen alyp gitjekdigini aýtdy. Men bu habara guş bolup uçdum. Arzuwym demir ýol ulagyna münüp, daş-töweregi synlap, uzak ýola gitmekdi. Gitjek günümize sabyrsyzlyk bilen garaşdym. Ahyry şol günem gelip ýetdi. Ejem ikimiz demir ýol menzilinden demir ýol ulagyna mündük. Biraz wagtdan demir ýol ulagy tizligini kem-kemden çaltlandyryp, gündogara tarap ýola düşdi. Daş-töweregi synlap barşyma, bir tarapdan, bu ýoluň hiç gutarman giderini isleýänem bolsam, şol bir wagtda çaltrak babamlara ýetesim gelýärdi. Sebäbi babamlaryň dürli ir-iýmişden doly bag-bakjaly uly howlusy bardy. Şol baglaryň üstüne münüp, özüm ýaly çagalar bilen uly şowhun bolup oýnamagyň lezzeti bardy.

Sapar SAPAROW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi ylmy işgäri.