Pähim-paýhas ummanyna deňelýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde halkymyzyň aňyna ornan nakyllar, däp-dessurlar, urp-adatlar bilen birlikde, tutuş Gündogarda meşhur bolan rowaýatlar hem örän täsirli derejede öz beýanyny tapýar. Rowaýatlarda ady agzalan şahsyýetler, ýerler, ýurtlar, beýan edilýän wakalaryň esaslary okyjylarda uly gyzyklanma döredýär.
Magtymguly atamyzyň «Içinde» atly şygryndaky: