Ruhy hazyna

19 Iýun 2024
305

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň röwşen ýolunda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygy täze taryhymyzyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Milli baýlyklarymyzyň aýrylmaz bölegi bolan, türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujy, görnükli şahrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy belentden tutulýar. Türkmen halkynyň durmuş pelsepesi, däp-dessurlary, agzybirlik baradaky arzuwlary akyldar şahyrymyzyň şygyrlarynda öz beýanyny tapýar. Beýik şahyr türkmen edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi ugry esaslandyrdy. Magtymguly Pyragynyň şygryýet hazynasy nesiller üçin görelde mekdebi bolup durýar. Beýik şahyryň Watan we watansöýüjilik hakyndaky goşgulary ýaşlaryň edep-terbiýesinde uly orun tutýar.

Magtymguly Pyragynyň eserleri türkmen diliniň kämilleşmeginde hem uly ähmiýete eýe bolupdyr. Ata-babalarymyz Pyragynyň goşgularyny köpçülikde, toý-tomaşada gazal, aýdym hökmünde aýdyp, nesilden-nesle geçirip gelipdirler. Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli goşgularyndan, atalaryň päk zähmetinden, eneleriň mähir-mylakatyndan görelde alýan nesiller bu günki gün watansöýer, päk ahlakly, belent adamkärçilikli, kämil hünärli, ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişýärler.

Ismail ÝAKUBOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň umumy bölüminiň müdiri.