Ömür saly artar alkyş alanyň
Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet, agzybirlik, adalatlylyk, erkinlik, ynsap, päklik ýaly umumadamzat bähbitli pelsepewi garaýyşlary Esasy Kanunymyzda — Türkmenistanyň Konstitusiýasynda öz mynasyp ornuny tapýar. Akyldar şahyryň arzuw eden berkarar döwletinde ýaşamak, gurmak, döretmek bagtyna eýe bolan nesillerimiz Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarlar. Akyldar şahyrymyzyň adynyň uludan-kiçä hemmeleriň diliniň senasyna öwrülmegini gazanmak we ony geljek nesillere ýetirmek her birimiz üçin parz işleriň biridir.