Dür sözli dana

19 Iýun 2024
344

Söz adamzat durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Biz birek-birek bilen söz arkaly düşünişýäris. Hut şu jähetden halkymyz ähli döwürlerde-de söze uly üns beripdir. Manysy dür saçýan sözlere hany-manyny gaýgyrmandyr.

Görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasyndaky Welmyrat aganyň maşgalasyny ekläp oturan guba düýesini Magtymgulynyň kitabyna çalyşmagy halkymyzyň söze, kitaba hormatynyň çäksizdigini aýan edýär. Il-günümiz parasatdan ýüki ýetik kitaplary öwran-öwran okap, aýawly saklapdyr. Söz ussady Magtymguly Pyragynyň kämil öwüt-ündewli, pikir-garaýyşly şygyrlaryny adamlar diliniň senasyna, bagşy-sazandalar bolsa aýdym-saza öwrüpdir. Ussadyň şygyrlary halkyň dilinde, aýdym-sazda ýaşap, häzirki döwrümize gelip ýetipdir. Şahyryň öwüde ýugrulan goşgularyna döredilen aýdymlar edep-terbiýe mekdebi bolup, ýagşy gylyk-häsiýetli adamlaryň durmuşyň bezegidigini açyp görkezýär.

Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.