Şirin-şeker sözleri

29 Oktýabr 2021
2502

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, uzak ýaşly ene Bagty Hojamowalaryň döwletli maşgalasynda ilkinji ýuwlugyň dünýä inendigini eşidip, mährem enäni gutlamaga howlukdym. Kümüş saçly ene sallançagyň alaja bagyny çekip oturyşyna, mylaýym hüwdülere hiňlenýärdi. Ukynyň arasynda kä ýylgyryp, kä seňrigini ýygryp ýatan gyzjagaza guwançly nazaryny aýlap:

— Bu meniň Sahujemalym, ilkinji ýuwlugym. Gahryman Arkadagymyzyň gurup berýän eşretli zamanasynyň bagtly balasy. Şeýle bagta ýetmek her kime nesip etsin! — diýip, maňa töre geçmegi mürähet etdi. Men, ilki bilen, balajygy ýüzüme syldym. Bagty enäniň perişde kimin mylaýym, mähriban keşbini synlap oturmaklygyň ynsan kalbynda ýakymly duýgulary oýarýandygyny aňdym. Soňra bolsa:

«Zenan kalby».