Kaka etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri etrabyň çäginde hereket edýän edara-kärhanalarda, önümçilik desgalarynda bolup, olaryň işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini yzygiderli häsiýetde alyp barýarlar. Ýakynda etrabyň Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki ýyladyşhana toplumynyň işçi-hünärmenleri bilen hem iş üstündäki duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri ýyladyşhana toplumynyň işçi-hünärmenleri bilen iş üstünde duşuşyp, olaryň armasyny ýetirdiler.