Demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagy

22 Fewral 2021
870

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny üstümizdäki ýylyň 28-nji martynda geçirmek bellenildi. Häzirki döwürde şol saýlawlary ýokary derejede guramaçylykly geçirmek maksady bilen, taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Çünki ilkinji gezek geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň halkyň, esasan hem, ýaşlaryň syýasy işjeňligini ýokarlandyryp, syýasy-hukuk medeniýetini has-da kämilleşdirmekde möhüm waka öwrüljekdigini ynamly aýtmak bolar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Akdepe etrap geňeşi tarapyndan hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk möwsüminiň ýokary guramaçylykly geçirilmegine ýakyndan ýardam berilýär. Saýlawlaryň milli ýörelgelerimize we halkara derejede ykrar edilen kadalara laýyklykda, demokratik şertlerde guraljakdygyny halkyň, esasan hem, ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek çäreleri yzygider geçirilýär. Mundan başga-da, guramamyzyň kämil düşünjeli, syýasy taýýarlykly, öňdebaryjy işjeň agzalaryndan milli synçylyga wekiller hödürlenildi. Olar özleriniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlaw möwsüminiň dowamynda saýlawlara taýýarlyk işleriniň gidişine we saýlawlaryň guramaçylykly geçirilişine gözegçilik ederler. 

Jemal ESENOWA,
TMÝG-niň Akdepe etrap geňeşiniň hünärmeni.