28-nji mart — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary günüdir

22 Fewral 2021
834

Taryhy waka bolar

“Türkmenistan —— parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinden badalga alan saýlaw möwsüminiň çäklerinde häzirki wagtda bu möhüm syýasy çärä taýýarlyk işleri welaýatymyzda guramaçylykly alnyp barylýar. Saýlawlaryň geçirilişine syn etmegiň demokratik ýörelgelerini halkara kadalaryna laýyklykda has-da berkitmek arkaly jemgyýetçilik durmuşynda halk häkimiýetiniň dabaralanmagyny gazanmak milli synçylaryň esasy üns berýän taraplarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Saýlaw Kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlaryň aýanlykda we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegini gazanmak maksady bilen syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýatlar toparlary tarapyndan milli synçylar hödürlenilip, olara ygtyýarlyklaryny ykrar edýän şahsyýetnamalar gowşuryldy.