Parahatçylyk — Watanymyzyň berk binýady

18 Fewral 2021
947

Düýn Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni dabaraly bellenip geçildi. Bu şanly sene mynasybetli Gökdepe etrap merkezindäki Medeniýet köşgünde dabaraly maslahat geçirildi. Ony welaýat häkimligi hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýaty boýunça wekilhanasy bilelikde gurady.

Dabaraly maslahata gatnaşyjylar — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýaty boýunça wekilhanasynyň işgärleri, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärleri, ilki bilen, medeni ojagyň toý ruhunda bezelen ajaýyp eýwanyndaky sergi bilen tanyşdylar. Ahal welaýat kitaphanasy tarapyndan guralan kitap sergisinde hormatly Prezidentimiziň galamyna degişli bolan gymmatly kitaplara aýratyn orun berildi. Kitaphana işgärleri ol ýere ýygnananlary baý many-mazmunly kitaplar bilen tanyşdyrdylar hem-de milli Liderimiziň ajaýyp eserleriniň ýokary çeperçiligi we ähmiýeti hakda gürrüň berdiler. Ol ýerde Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklary saklaýan dünýä ýurtlarynyň baýdaklarynyň hatarlanyp goýulmagy bolsa, has-da ünsi çekiji boldy. Soňra medeni ojagyň mejlisler jaýynda dabaraly maslahatyň açylyşy boldy.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: dabaraly maslahatdan we onuň çäginde geçirilen sergiden pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.