«Türkmenmetbugat»: sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

17 Fewral 2021
813

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe sanly ulgam ynsan durmuşynyň ähli ugurlaryna barha tiz aralaşýar. Ylym-bilim, ykdysadyýet, hyzmat, söwda we töleg ulgamlary hem sanly çözgütlere we ösen aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda çap edilýän döwürleýin neşirler hem sanly ulgam esasynda döwrebap görnüşe eýe boldy. Şonuň esasynda döredilen internet neşiri halkymyzyň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Häzirki wagtda onuň abunaçylarynyň sany barha artýar.

Internet neşiri ähli adamlara elýeterli bolup, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, amala aşyrylýan ägirt uly işler dogrusyndaky maglumatlar, makalalar we çeper eserler bilen tiz tanyşmaga mümkinçilik döredýär. Internet neşirine abuna ýazylyp gazet-žurnallaryň otuza golaýy bilen tanyşmak mümkin. Bu neşirlere ýylyň dowamynda islendik wagt abuna ýazylyp bolýandygyny hem aýratyn nygtamak zerur. «Türkmenmetbugat.gov.tm», «Metbugat.gov.tm» internet saýtlarynda ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallaryň elektron görnüşleri hem goýulýar.

Begenç DUŞOW,
ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň Gubadag etrap geňeşiniň başlygy.