Şanly senäniň dabaralary

17 Fewral 2021
829

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüş-özgerişli ýoly hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatyndan gözbaş alýar. Ajap eýýamymyzyň “Türkmenistan — — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylynda-da ýokary netijeler gazanylýar. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp ýöredýän daşary syýasaty rowaç alyp, sebitiň we dünýäniň dürli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar barha pugtalanýar. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň diplomatik işgärleri uly işleri bitirýärler.

Golaýda Mary şäherindäki welaýat medeniýet köşgünde geçirilen dabaraly çäre-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlandy. Şanly sene mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasynda “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Güljahan Çarygulyýewa, TAP-nyň Mary şäher komitetiniň hünärmeni Gaýgysyz Magtymow, TKA-nyň Murgap etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gurbanmyrat Muhammetorazow, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmet Gurbanýazow çykyş etdiler. Olar ýygnananlary Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen gutlap, ajap eýýamymyzda ýetilen belent sepgitler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly we şowhunly tanslary dabaranyň şatlyk-şagalaňyny artdyrdy.