Mynasyp dalaşgärler hödürlendi

16 Fewral 2021
840

Şu günler tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça dalaşgärleri hödürlemeklik işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Ýakynda Bäherden etrap Halk Maslahatynyň agzalary tarapyndan geçirilen mejlis hem işjeň häsýete eýe boldy. Onda Bäherden etrap halk maslahatynyň başlygy Rahmanberdi Annalyýew 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça, saýlawlar gününe çenli otuz ýaşy dolan, ýokary bilimli, soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatynyň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgär hödürlenilip bilinýändigini aýdyp, dalaşgärleri hödürlemek meselesi boýunça çykyş etmek üçin agzalara söz berdi.

Ogultar ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bäherden etrap komitetiniň işgäri.