Teatryň sowgady bolar

26 Ýanwar 2021
1001

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýar. Şeýle taryhy döwürde ýaşamagyň, zähmet çekmegiň, döretmegiň we gurmagyň özi hem tükeniksiz bagtdyr. Biz — medeniýet işgärleri Arkadagly döwrümiziň eçilýän ajaýyp peşgeşlerinden ruhlanyp, has-da döredijilikli zähmet çekmäge çalyşýarys.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny giňden belläp geçeris. Şonuň bilen baglanyşykly, Kaka etrabynyň medeniýet-sungat işgärleri täze aýdym-sazlary, joşgunly tanslary, sahna eserleri bilen toýa sowgatly barmagy baş maksat edinýärler.

Hemra AMANÝAZOW,
Kaka etrabynyň medeniýet bölüminiň teatr studiýasynyň çeper ýolbaşçysy.