Netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm tapgyry

2 gün öň
34

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oýlanyşykly durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Şunda halkara, sebit derejesindäki netijeli gatnaşyklar giň gerime eýe bolýar. Parahatçylyk, ynanyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň sentýabr aýynyň 17-sinde Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Doganlyk ýurduň paýtagtynda geçirilen «Merkezi Aziýa — Germaniýa» formatyndaky duşuşyk Merkezi Aziýa döwletleriniň dünýä bileleşigi bilen ýola goýýan netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň taryhynda möhüm tapgyra öwrüldi. Bilşimiz ýaly, şeýle görnüşdäki ilkinji duşuşyk geçen ýylyň sentýabrynda Berlinde geçirildi.

«Daşoguz habarlary».