«Hollywood»-yň meşhur popkorn franşiz kinolaryndan «Ýura eýýamynyň dünýäsi» (Jurassic World) filmleriniň täze bölüminiň ekranlaşdyryljakdygy resmi ýagdaýda mälim edildi. «Ýura eýýamynyň dünýäsi: täzeden dogluş» (Jurassic World Rebirth) diýlip atlandyrylýan bu filmde baş keşplerde Skarlett Ýohansson, oskarly aktýor Maherşala Ali, Jonatan Beýli hem-de Rupert Frend dagy surata düşerler. «Universal Pictures» hem-de «Amblin Entertainment» studiýalarynyň bilelikdäki önümi boljak filme Garet Edwards režissýorlyk eder. Filmiň ssenarisini asyl filmiň ssenariçisi Dewid Koepp ýazar. Filmde 2022-nji ýylda ekranlara çykan «Ýura eýýamynyň dünýäsi: Dominion» filminden 5 ýyl soňky wakalar barada gürrüň berler. Umumylykda seriýanyň 7-nji kinosy boljak täze film 2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda kinoteatrlarda görkezilip başlanar.
Köpleriň söýgüsini gazanan «Ouşens» filmler toplumynyň 4-njisiniň surata düşüriljekdigi ozal habar berlipdi. «Ouşens 14» (Ocean’s 14) ady bilen ekranlaşdyryljak filmde oskarly ussat aktýorlar Jorj Kluni bilen Bred Pittiň surata düşjekdigi hem habar berildi. Filme «Günbatar frontda täzelik ýok» (Im Westen nichts Neues) kinosy bilen adygan germaniýaly Edward Berger režissýorlyk eder. Häzirki wagtda filmiň ssenarisiniň taýýarlygy ýokary depginde dowam edýär. Filmde Mett Damon bilen Keýzi Afflegiň hem öňki keşplerinde surata düşmegine garaşylýar. Stiwen Soderbergiň režissýorlyk eden ilkinji 3 filmi — «Ouşens 11», «Ouşens 12», «Ouşens 13» atlary bilen 2001—2007-nji ýyllar aralygynda ekranlaşdyrylyp, kino muşdaklarynyň ýokary söýgüsini gazanypdy.