Dünýäniň iň gadymy film festiwaly Wenesiýa kino şüweleňi tamamlandy. 81-nji gezek geçirilen festiwalda baş baýraga – «Altyn ýolbars» baýragyna ispaniýaly ussat režissýor Pedro Almodowaryň «Goňşy otag» (La habitación de al lado) filmi mynasyp boldy. Režissýoryň iňlis dilindäki ilkinji filminde baş keşpleri Julianna Mur bilen Tilda Swinton janlandyrýar. Melodrama görnüşli filmde ýaşaýyş we ölüm barada söhbet açylýar.
11 günläp dowam eden festiwalyň 2-nji uly baýragyna – Eminleriň «Gran Pri» baýragyna italiýaly Maura Delpero mynasyp bolup, ol «Wermilio» (Vermiglio) filmi üçin bu hormata laýyk görüldi. Gruziýaly režissýor Dea Kulumbegaşwili «Aprel» (April) filmi üçin eminleriň Ýörite baýragy bilen sylaglandy. Bredi Kobert «Brutalist» (The Brutalist) filmi bilen iň gowy režissýor «Kümüş ýolbars» baýragyna mynasyp boldy. Filmde Adrian Brodi bilen Felisiti Jons baş keşpleri ýerine ýetirýär.