Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, «Roskosmos»-yň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, orbitada uzak wagt galmakda dünýä rekordynyň eýesi Oleg Kononenko bäşinji kosmos ekspedisiýasyny tamamlap, 23-nji sentýabrda Ýere dolanmaga taýýarlanýar.
375 gün dowam eden bu missiýa halkara kosmos stansiýasy (HKS) maksatnamasynyň çäklerinde iň uzyn döwri öz içine aldy. Türkmenabat şäherinde doglan we Russiýanyň iň tejribeli kosmonawty bolan Oleg Kononenko şu ýylyň 4-nji fewralynda deňi-taýy bolmadyk sepgide ýetdi we Ýere golaý orbitada jemi 1000 gün bolan taryhda ilkinji adam boldy. Bu rekord 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda başlanan häzirki missiýasy wagtynda goýuldy. Şonda ol «Soýuz MS-24» kosmos gämisinde HKS-70/71 ekspedisiýasynyň serkerdesi hökmünde HKS-e barypdy.