Alžiriň Prezidenti Abdelmajid Tebbun ýurtda geçirilen nobatdan daşary Prezident saýlawlarynda 94,65 göterim ses alyp, ýeňiş gazandy. Bu barada Alžiriň garaşsyz milli saýlaw toparynyň başlygy Muhammet Şerefi metbugat ýygnagynda habar berdi.
«Parahatçylyk jemgyýeti üçin hereket» partiýasynyň dalaşgäri Abdelali Hasani Şerif sesleriň 3,17 göterimini aldy, «Sosialistik güýçler hereketiniň» Baş sekretary Ýusef Usuşi bolsa sesleriň 2,16 göterimi bilen soňky orny eýeledi. Şerefi saýlawlara gatnaşygyň 48 göterime deň bolandygyny habar berdi.