Harris öňde barýar. ABC News teleýaýlymynda geçirilen teleçekişmelerde wise-Prezident we demokratlardan ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgär Kamala Harris respublikaçylardan dalaşgär Donald Trampdan sesleriň 44 göterimi bilen üstün çykdy. Pikir soraşmalarda Tramp tomaşaçylaryň 40 göterim goldawyny aldy. ABŞ-da Prezident saýlawlary 5-nji noýabrda geçiriler.
Iň kiçi tozan sorujyny ýasady. Hindistanly talyp Tapala Nadamuni ululygy bary-ýogy 65 santimetr bolan dünýäde iň kiçijik tozan sorujyny döretdi. Onuň bu üstünligi Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan ykrar edilip, onuň 2022-nji ýylda goýan öňki rekordyndan 2 santimetr tapawutlanmagy başardy.