Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösdürmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Watanymyz günsaýyn gözelleşýär, täze-täze binalar gurulýar. Tebigatyň ajaýyp keşbi bilen kämil sazlaşygy emele getirýän binagärlik toplumlary ata Watanymyzyň has-da gözelleşmegine ýardam berýär.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan şähergurluşyk taslamalary, döwrebap beýik işleri häzirki wagtda – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyna, hususan-da, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine möhüm orun degişlidir.