11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymyna badalga berildi. 6-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz gowaça ösdürip ýetişdirýän daýhanlara we ähli oba hojalyk işgärlerine işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, pagta ýygymy möwsüminiň sazlaşykly işini yzygiderli üpjün etmek üçin ýerlerde ulanylýan tehnikalara gije-gündizleýin tehniki hyzmatlar ýola goýuldy, mehanizatorlaryň, sürüjileriň we pagtany el bilen ýygmaga gatnaşýanlaryň öndürijilikli işlemekleri, doly derejeli dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredildi.