Kaka etrabyndaky 14-nji, 16-njy, 19-njy, 26-njy orta mekdeplerde, şeýle-de 7-nji, 9-njy, 10-njy çagalar baglarynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk mynasybetli wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim bölüminiň hem-de etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň bilelikde guramagynda geçen duşuşyklar uly täsirleri döretdi.
Duşuşyklarda mekdep okuwçylarynyň we körpeleriň arasynda ýol hereketiniň düzgünleri wagyz-nesihat edildi. Ýoluň pyýadalar üçin niýetlenen ýerlerinden geçmegiň möhümdigi, ýol belgileriniň aňladýan manylary barada aýdylanlar uly dykgat bilen diňlendi.