«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024
Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlanandygyny alamatlandyrýan Bilimler we talyp ýaşlar güni baýramçylyga beslenip, bu barada ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde kakylan jaňlar mälim etdi. Täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçirildi. Ol Garaşsyzlygyň 33 ýylynyň dowamynda gazanylan üstünliklere, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller üçin döredilýän giň mümkinçiliklere bagyşlandy.