«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024
Ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ilkinji nobatda, herekete gatnaşyjylaryň ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý edişine bagly. Ýolda ýöremegiň medeniýetiniň doly we dogry berjaý edilmezligi ýa-da geleňsizlige salynmagy ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmagyny şertlendirýär. Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary sürmek, ýoluň pyýadalar üçin göz öňünde tutulmadyk ýerlerinden kesip geçmek ýol-ulag hadysalarynyň döremegine getirip bilýän ýaramaz ýagdaýlardyr. Ýurdumyzda ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek bilen ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak diňe bir sürüjileriň däl-de, eýsem, pyýada ýolagçylaryň hem borjudyr.