Güýz paslynda ýetişýän bakja ekinleriniň biri hem kädidir. Kädiniň düzüminde adama gerek bolan organik turşulyklar, pektin fermenti we birnäçe peýdaly maddalar bar. Olar aşgazan-içege ulgamynyň işini kadalaşdyrýar. Şeýle hem käbir keseliň öňüni almaga ýardam edýär. Lukmançylykda kädi melhem hökmünde hem ulanylýar. Kädi sowuklamany bejeriji serişde bolup, berhiz tutulanda, böwrek we ýürek näsazlyklarynda iýilmegi maslahat berilýär. Kädiniň gaýnadylan suwuny bal bilen garyp içmek peýdalydyr. Ol adamy rahatlandyrýar.
Kädiniň dogduk mekany Demirgazyk Amerika hasaplanýar. Ol öýde ekilýän iň gadymy ekinleriň biridir. Daşary ýurtlarda kädiniň köpräk «Cucurbita maxima» görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Ululygy bilen tapawutlanýan bu kädini uzak wagtlap saklap bolýar. Maglumatlara görä, her ýyl dünýäde 22 million tonnadan gowrak kädi hasyly alynýar. Bu ugurda Hytaý bilen Hindistan öňdeligi eýeleýär.