Jebisligiň aýdyň ýoly
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň uly dabara bilen baýram edilýän günlerinde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, ýurduň ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkara gatnaşyklarda eýeleýän ornunyň pugtalanmagyna, dünýä jemgyýetçiligindäki abraýynyň artmagyna ýardam etjek syýasy, ykdysady, durmuş ähmiýetli meselelere garalar. Öňde goýlan belent wezipelere ýetilmegini üpjün etjek il-ýurt bähbitli, ykbal özgerdiji resminamalar kabul ediler. Halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty jebisligiň möhüm instituty bolup durýar. Ol milli döwlet gurluşynyň ýörelgelerini kämilleşdirýär hem-de olaryň häzirki zaman şertlerinde pugtalandyrylmagyny üpjün edýär.